Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“BEÝIK IŞLER BUÝSANDYRÝAR, ALKYŞ SIZE ARKADAGYMYZ!” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi,Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde gurnamaklarynda “Beýik işler buýsandyrýar, alkyş Size Arkadagymyz!”  atly  maslahaty geçirildi.

Bu maslahaty Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni Parahat Meretliýew alyp bardy. “Beýik işler buýsandyrýar, alkyş Size Arkadagymyz!”  atly  maslahaty Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça  haýyr-sahawat   gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşiniň ilkinji mejlisi mynasybetli geçirildi. Geçirilen bu maslahata Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň başlygy Akjemal Durdyýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň  Ykdysady-maliýe we durmuş syýasaty barada komitetiniň agzasy Ogulgerek Hydyrowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Möwlam Öräýew, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy,il sylagly ýaşulysy Mälikguly Meredow we Aşgabat şäheriniň 165-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi,kümüş saçly ene Oraztäç Nuryýewa, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Gurbannazar Ataýew, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdebiniň müdiri Hemra Aramedow hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bejeriş-maslahat  beriş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Gülälek Orazowa dagylar gatnaşdylar. Bu ady agzalanlaryň ählisi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy,Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Gahryman Arkadagymyz, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular Geňeşiniň ýakynda geçirilen ilkinji mejlisi bilen bagly meseleler barada çykyş etdiler.

 

Ýörite habarçymyz.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.