Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝURDUMYZYŇ ULAG-LOGISTIKA ULGAMYNYŇ ÖSÜŞI

2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat ministrligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak» baradaky döwlet agentligi bilen bilelikde guramagynda  «Garaşsyzlyk ýyllarynda – menzil-mekan ýollarynda» atly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda birnäçe täsirli çykyşlar diňlenildi. Bu maslahata Aşgabat şäherindäki kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji  guramalarynyň başlyklary, gaznaçylary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň beýleki işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysady-maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy Umyda Saparowa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň deputaty  Kerimguly Geldiýew, Türkmen döwlet binagärlik Gurluşyk institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň hormatly il-ýaşulysy Amangeldi Orazow, Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Döwrangeldi Hojamgulyýew, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow, “Awtomobil ulag hyzmaty” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Altyn Aşyrowa, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygynyň orunbasary Tumar Hudaýberdiýewa, Büzmeýin etrabynyň “Demirnebitönümleri” zawodynyň esasy hünärmeni Mekandurdy Durdyýew hem-de Ruhabat önümçilik söwda birleşiginiň işgäri Aýpaşa Nazarowa dagylar çärä gatnaşdylar. Çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen ak ýollardan ynamly öňe barýan ýurdumyzda Garaşsyzlygyň röwşen ýalkymy, türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda geçen şöhratly ýoly, taryhy taýdan iňňän gysga döwrüň içinde durmuş-ykdysady taýdan buýsandyryjy belentliklere tarap urýan okgunly gadamy, ýurduň gülläp ösmegi, halkyň ruhy hem medeni taýdan galkynmagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan toplumlaýyn işleri, beýik başlangyçlary bilen ýurdumyzda häzirki zaman ulag-logistika düzümini ösdürmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreleriň diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berýändigi barada, şeýle hem, örän amatly çäk ýagdaýyny eýeleýän, sebitde we yklymda möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine peýdalanýandygy, bu şertlerde bolsa halkara ykdysady gatnaşyklary netijeli alyp barmak we ösdürmek üçin halkara ulag geçelgeleriniň ähmiýetiniň has-da artýandygy, häzirki döwürde ýurtlaryň arasynda önjeýli hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredilip, olaryň dünýädäki milliardlarça adamlaryň ulag hyzmatyna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer we medeni gatnaşyklary ösdürmäge, tebigy baýlyklary özleşdirmäge, diwersifikasiýa ýoly bilen halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam berýändigi, bu babatda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn şertnamalar, ylalaşyklar baglaşylyp, degişlilikde Türkmenistanyň hem goşulýan halkara konwensiýalary, iri halkara guramalary bilen ýola goýýan hyzmatdaşlyklary barada täsirli we gyzykly çykyşlar etdiler.

 

Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy,

Döwrangeldi Hojamgulyýew.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.