Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BÄHBITLI ALADA

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpasyrlyk taryhy şöhrata beslenen türkmen halky hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda bagtyýar geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Ýurdumyzyň ykdysady derejesiniň ýokarlanmagy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da özgermegine ýardam edýär. Türkmen halkynyň asudalygyna, abadançylygyna, bolelinlikde ýaşamagyna zähmet adamsy baradaky alada gönükdirilen bähbitli tagallalar Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda hem ýokary netijelerini berýär.

Welaýatymyzda iri kärhanalaryň biri bolan “Azyk” önümçilik birleşigimiz ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşygy komiteti işgärlerimiziň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak üçin dürli guramaçylyk işlerini durmuşa geçirýär.

Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak hemişe wajyp wezipe bolup durýar. Bu mesele boýunça işgärleriň arasynda gözükdirmeler, düşündiriş, wagyz-nesihat işleri yzygiderli geçirilýär. Işgärleriň agramly bölegi ýaşlar bolandygy sebäpli, kärhanamyzyň ýaşlar guramasy bilen bilelikde özara ylalaşyk esasynda iş geçirýäris. Şeýle hem kärhanamyzda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň dogry we gyşarnyksyz berjaý edilmegi talap edilýär. Biziň esasy wezipämiz işgärlerimiziň howpsuz we göreldeli zähmetini guramak bilen bagly bolansoň, bu ugurda uly tagallalary edýäris.

Ýylyň dowamynda şanly seneleriň bellenilmegi mynasybetli geçirilýän çärelerde önümçiligiň öňdebaryjylary yzygiderli höweslenidirilip durulýar.

 

Ezizdurdy RAHYMOW.

Welaýat “Azyk” önümçilik birleşiginiň kärdeşler arkalaşygy komitetiniň başlygy.

“Maru-şahu jahan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.