Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ESASY WEZIPÄMIZ

Adam hakdaky alada Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda-da giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu alada il-günümiziň abadan, bolelin durmuşda ýaşap, tutanýerli zähmet çekmegine zerur şertleriň döredilmeginde jemlenýär. Gürrüňi edilýän meselede zähmet adamlarynyň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmak hemişe uly ähmiýete eýedir.

Etrap hassahanamyzyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan degerli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde bellenilýän baýramçylyklardyr şanly senelerde has tapawutly zähmet çekýän öňdebaryjylara sowgatlary gowşuryp, olary döredijilikli zähmete höweslendirýäris. Işgärlerimiz hakda edýän degişli aladalarymyz olary has-da yhlasly zähmet çekip, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Hemişe bolşy ýaly, geljekde-de zähmet adamsy hakdaky alada esasy wezipämiz bolar.

 

Şemşat GAZAKOWA.

Wekilbazar etrap hassahanasynyň KA-nyň gaznaçysy.

“Maru-şahu jahan” gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.