Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DIŇE SÖÝGI HAKYNDA

Keşt eýledim, gezdim yşkyň dagyndan,
Ne beladyr, kimse çeker bu derdi?
Yşk dagyn assalar Gögüň boýnundan,
Gök titreýip, çeke bilmez bu derdi.
 

Magtymguly PYRAGY.

* * *

Söýgüdir, dostlarym, durmuşyň täji,
Tapyşmak süýjüdir, aýralyk ajy.
Ajysyz süýji ýok, tikensiz gül ýok,
Gül yşkynda saýramadyk bilbil ýok.

Aman KEKILOW.

* * *

Seni söýüp, göz ýetirdim bir zada:
Kynçylyk ýok,
Ejizlik bar dünýäde.

Gurbannazar EZIZOW.

* * *

Söýgi ― bu, ilkinji nobatda, özüňi özgä sowgat etmekdir.

Žan ANUÝ.

* * *

Söýgi dilde däl-de, ýürekde bolmaly.

Tihon ŽDANOWSKIÝ.

* * *

Ýaşaýyşda ýeke-täk bagt bardyr, ol söýmek we söýülmekdir.

Žorž SAND.

* * *

Söýmek ― özgeleriň görmeýän gudratyny görmekdir.

Fransua MORIAK.

* * *

Söýgüsiz ýaşamak ýeňil, ýöne onsuz ýaşaýşyň manysy ýok.

Lew TOLSTOÝ.

 

Toplan Zuleýha HUDAÝBERGENOWA,

Dänew etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

“Türkmen gündogary” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.