Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SPORT WE BEDENTERBIÝE

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlarynyň we türgenleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Wagyznesihat çäresiniň ahyrynda Bäherden etrabynyň sport mekdebinde sportuň grek-rim göreşi we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça 2005-2006-njy, 2007-2008-nji, 2009-2010-njy ýyllarda doglan türgenleriň arasynda etrabyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa etrabyň 100- e golaý türgeni gatnaşdy. Ýaryşda ýeňijiler Bäherden etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň Hormat hatlary we TMÝG-niň etrap Geňeşi tarapyndan taýýarlanan sowgatlar bilen sylaglandylar.

 

Hurmagül ANNAGURBANOWA, Bäherden etrap bedenterbiýe we sport bölüminiň KA-nyň başlygy.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.