Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DOST ORNY ÝÜREKDIR

Türkmen halkynyň dostluga sarpasy aýratyndyr. Bu taryhy hakykat. Halkymyz öz dostuna ýüreginiň töründen orun berýär. Ýagşy günleriň şatlygyny, kyn günleriň kynçylygyny paýlaşýar. Dost dostunyň ýüzüne seredip, özüni görýändir. Şonuň üçin hem halkymyzda «Dost dostuň aýnasydyr» diýilýär.

Ýakynda welaýatymyzyň «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Türkmen-özbek halklarynyň dostluk festiwaly» ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Şol ýerde iki doganlyk ýurduň sungat ussatlarynyň konserti boldy. Ýaňlanan gazallarda, aýdym-sazlarda dost-doganlygyň, Garaşsyz Diýarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň waspy ýetirildi. Myhmanlar ajaýyp binada guralan amaly-haşam hem-de zergärçilik sungatynyň sergileri bilen tanyşdylar. Şeýle-de, Nurmuhammat Andalyp adyndaky welaýat sazly-drama teatrynda sahna oýunlarynyň görkezilişi diýseň täsirli boldy.

 

Jumagül HOJAÝEWA, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.