Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

DÜNÝÄ KUBOGYNA ÖÝLERINDE TOMAŞA ETJEK ÝYLDYZLAR

Her uly ýaryşda bolşy ýaly, bu Dünýä Kubogynda hem çykyş edip bilmejek ýyldyz futbolçylaryň sany az däl. Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjekler aglaba 3 topara bölünýär. Olaryň 1­-nji çykyş edýän milli ýygyndylary çempionatda gatnaşmak hukugyny gazanyp bilmedikler, 2­-njisi şikes alanlar, 3­-njisi bolsa tälimçileriň sanawa almadyk oýunçylarydyr. Ilki bilen ýygyndysy gatnaşyp bilmäni üçin çempionatyň daşynda galanlary sanalyň. Bassyr 2-­nji sapar Dünýä Kubogynyň daşynda galan 4 çempionlygy bolan Italiýanyň düzüminden Nikola Barellany, Çiro Immobileni, Marko Werrattini, Federiko Kiezany, Janluiji Don narummany, Žorži nio ny agzamak bolar. Müsürli Mohamed Salah, norwegiýaly super hüjümçi Erling Holann, watandaşy Martin Edegor, kolumbiýaly Luis Diaz, Hames Rodriges, Huan Kaudrado, Radamel Falkao, çilili Aleksis Sançes, alžirli Riýad Mahrez, şwesiýaly Deýan Kuluşewski, Alesander Isak, Zlatan Ibra hi mowiç, çehiýaly Patrik Şik, ukrainaly Ruslan Malinowski, Mihaýlo Mudryk, nigeriýaly Wiktor Osimhen, Ademola Lukmen, gabonly Pier­ Emerik Obameýang, wengriýaly Dominik Soboslai, kot­d’iwuarly Frank Kessi, türkiýeli Hakan Çalhanoglu, awstriýaly Dawid Alaba, gruziýaly täze ýyldyz Hwisa Kwarasheliýa, şotlandiýaly Andrýuw Robertson, sloweniýaly Ýan Oblak, slowakiýaly Milan Şkriniar ýaly oýunçylar ýygyndylarynyň gatnaşmandygy sebäpli çempionata öýlerinde tomaşa ederler. Dünýä Kubogy ýaryşyna gatnaşmak belli bir derejede nesip işi hem bolup, çempionatyň başlanmagyna az wagt galanda, şikes alanlaryň sany taryha ser salsak az däl. Şikes alanlaryň sanawynda­da ýyldyz futbolçylaryň sany az bolman,  Fransiýanyň hem-­de Angliýanyň ýygyndylarynyň käbir esasy oýunçylary şikesi sebäpli çempionaty goýberer. Fransiýaly Pol Pogba, N’Golo Kante, Maýk Menýan, düzüme alnanyndan soň şikes alan Presnel Kimpembe, 3 gün öň şikes alan Kristofer Nkunku, angliýaly Ris Jeýms, Ben Çilwell, Emil Smit Row, şeýle-­de germaniýaly Marko Roýs (2014­-nji ýylda­-da şikesi sebäpli oýnamandy), Timo Werner, niderlandlardan Jorjinio Weýnaldum, meksikaly Hesus Korona, portugaliýaly Diogo Žota, argentinaly Jowani Lo Selsodagy şikesi sebäpli çempionata gatnaşyp bilmezler. 3-­nji topar bolsa tälimçileriň gözden salanlary bolup, Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Luis Enrike tejribeli goragçy Serhio Ramosy, derwezeçi Dawid De Heany, ýarym goragçy Tiago Alkantarany,  hüjümçi Ýago Aspasy, goragçy Markos Alonsony, derwezeçi Kepa Arrizabala gany, Fransiýanyň tälimçisi Didie Deşam hüjümçiler Antoni Marsial bilen Wissam Ben Ýedderi, Angliýanyň tälimçisi Garet Sautgeýt bolsa Fikaýo Tomori, Temmi Abraham ýaly «SerieA»­da ýokary derejeli çykyş edýän oýunçylary sanawa almady. Germaniýaly Robin Gosens, argentinaly Anhel Korrea, Jowanni Simeone, braziliýaly Roberto Firmino, Filippe Koutinio, Gabriel Barbosa, niderlandlardan Arnaut Danžuma, Guus Til, Swen Botman, Hans Hatebur ýaly oýunçylaryň çykyşlary tälimçileriň nukdaýnazaryndan milli ýygyndy üçin ýeterlik hasaplanmady.

 

Kakageldi Bugraýew,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň

Maliýe-ykdysady bölüminiň müdiri-baş buhgalteri.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.