Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ROWAÇ ÝOLUŇ TÄZE BADALGASY

Bu günki gün ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgelerine ygrarly agzybir halkymyz — Arkadagly Serdarynyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýar. Ösüşleriň aýdyň ýolundan ýöräp, belent maksatlar bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň barha belende galýan halkara abraýyny, gazanýan uly üstünliklerini bu gün tutuş dünýä jemgyýetçiligi ykrar edýär. 

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna we oňa innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen milli we döwlet maksatnamalaryna laýyklykda uly möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Taryha nazar aýlasak, gysga wagtyň dowamynda Türkmenistanda durmuş-ykdysady ösüş babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiziň şol başlangyçlary mynasyp dowam etdirmegi netijesinde bazar ykdysadyýetiniň türkmen  nusgasy kemala getirildi hem-de yzygiderli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň saýlap alan ugrunyň jemi içerki önümiň ösüş depginini, senagat önüminiň öndürilişiniň möçberlerini, daşary söwda dolanyşygyny ýokary derejede saklamaga, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynda bahalaryň durnuklylygyny üpjün etmäge, durmuş ulgamyna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmaga mümkinçilik berýändigini nygtamak gerek.

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylýan, Türkmenistanda kabul edilýän ösüş maksatnamalary ýurdumyzyň ýakyn we uzak möhletli geljek üçin durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, türkmen halkynyň maddy-hal ýagdaýyny belli bir maksada gönükdirip ýokarlandyrmagyň ygtybarly kepillendirmesi bolup durýar. Bu strategiki meýilnamalar halk hojalygynyň ähli pudaklaryny gurşap alan hem-de anyk netijeleri gazanmak maksady bilen durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleri çaltlandyrmak üçin berk esas bolup çykyş edýär. Dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň yzygiderli üýtgäp durmagy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmegiň täze, döwrebap modelini talap edýär. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady ösüşiň milli nusgasy bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde hojalyk gatnaşyklarynyň erkinligine we sagdyn bäsdeşlige şert döredip, innowasion esasda we tebigy serişdeleri gorap saklamak bilen, jemgyýetiň ösýän maddy hem-de ruhy isleglerini kanagatlandyrmak üçin harytlaryňdyr hyzmatlaryň önümçiligini pudaklaýyn, sebitleýin we üznüksiz deň ölçegli ösdürmekden ybarat bolup, döwletimiziň doly syýasy bitewüligini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üznüksiz ýokarlanmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň innowasion-industrial taýdan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti hem-de ösen jemgyýeti bilen dünýä ýurtlarynyň derejesindäki abraýynyň has-da pugtalanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gurbanow Çaryýarberdi

Energetika işgärleriniň KA-nyň Tehniki gözegçisi

                                                                                                           

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.