Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BERKARAR DÖWLETDE MAŞGALA MUKADDESLIGI, ZENAN SARPASY

Bagtyýar durmuşyň binýady öz gözbaşyny agzybir, bagtly maşgaladan alyp gaýdýar. Çünki, maşgala jemgyýetiň esasy daýanjydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli däplerimize we umumadamzat ýörelgelerine laýyklykda jemgyýetimiziň esasy gymmatlygy bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamaga döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmen maşgalasy edebiň, terbiýäniň, mukaddesligiň ojagy hasaplanylýar. Maşgalada adam şahsyýet hökmünde kemala gelýär, birek-biregi hormatlamagy, gymmatyny bilmegi we söýmegi öwrenýär, däp-dessurlara akyl ýetirýär. Maşgala daşky howplardan gorag gurşawyny döredýär we onuň ähli agzalary, zenanlar we erkekler, çagalar we garrylar üçin geljege bolan umyt berýär. Bagtly maşgala bolsa bagtyýar we üstünlikli döwleti emele getirýär.

Türkmen jemgyýetiniň döwrebap derejede ösmeginde, milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we olary nesilden-nesle geçirmekde, çaga  terbiýesinde zenanlara aýratyn orun degişlidir. Maşgalanyň bezegi hasaplanylýan zenanlaryň ajaýyp döwürde — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sarpasy barha belende göterilýär. Çünki, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen biz — zenanlara yhlasly işlemäge, joşgunly döretmäge, döwrebap gurmaga we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli mümkinçilikler bar. Eziz Watanymyzda Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda zenanlara goýulýan sarpa, maşgala mukaddesligini gorap saklamak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleri  wagyz etmek maksady bilen  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň “Altyn-asyr Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň geňeşiniň işjeň agzalary Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň kitaphanaçysy Bahar Annaýewa we Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň mugallymy Aýjeren Durdygylyjowa gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän “Enä tagzym-mukaddeslige tagzym” atly kitaby Gahryman Arkadagymyzyň eziz käbesi Ogulabat ejäniň göreldeli ömrüne, perzent terbiýesine, ile-güne bolan mährem garaýyşlaryna, galyberse-de, tutuş türkmen zenanlarynyň durmuşyna, ýurdumyzyň enelerine bagyşlanan ajaýyp eserdigini, kitapdaky süýji ýatlamalaryň her bir türkmen zenanynyň kalbyna buýsanç berýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda myhmanlar halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek, zenan sarpasyny belentde dabaralandyrmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar!

 

 M.Sähetgulyýewa, TKAMM-yň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň müdiri.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.