Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“DÖWRÜŇ BAGTYÝAR ZENANLARY” ATLY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlary Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen jemgyýetini has-da kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak üçin gije-gündiz taýsyz tagallalary edýän Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz buýsançly wakalara, şöhratly senelere, taryhy wakalara beslenýär.

Ynha, şu gün hem Hormatly Prezidentimiziň il bähbitli içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň  Milli merkezi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamaklarynda «Döwrüň bagtyýar zenanlary»  atly gepleşigi geçirildi.

Bu gepleşik  Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni O.Baýramowanyň gurnamagynda geçirilip, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn Asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň "Döwrüň bagtyýar zenanlary" atly gepleşiginiň redaktory Selbi Amanagulyýewa alyp bardy.

Gepleşige  Türkmen Döwlet binagärlik institutynyň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Güljahan Allaýewa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň aspiranty, KA-nyň işjeň agzasy Leýla Ömirowa, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni Şemşat Setdarowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni O.Baýramowa dagylar gatnaşyp gyzykly we täsirli çykyş etdiler.  

Gepleşige gatnaşanlaryň ählisi söhbetdeşligiň dowamynda  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahat söýüjilikli, ynsanperwer syýasaty netijesinde Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki şan-şöhraty, gözel Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak ugrunda Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ägirt uly işler dogrusyda gürrüňler edildi.

Gepleşigiň dowamynda M.Kuliýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň dutarçylar toparynyň uly mugallymlary D.Çaňlyýewa, A.Ýagşyýewa hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryň artisti G.Annamyradowa dagylaryň birnäçe aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirildi.

Gepleşige gatnaşanlar «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip Peder ýoluny mynasyp dowam edýän, ýurdumyzy gülledip, ösdürýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar!  Janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent, il-ýurt, döwlet bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!

 

Şemşat Setdarowa, Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň Mil­li mer­ke­zi­niň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.