- TM
- RU
Sakarçäge etrabynyň Bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebinde ýaşlaryň dürli görnüşler boýunça türgenleşmekleri, bedenlerini berkitmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Sport mekdebimiziň türgenleri okuw-türgenleşik sapaklaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar tälimçileriň öwredýän her bir emeldir tilsimlerini dogry ýerine ýetirmäge çalyşýarlar.
Sport mekdebimiziň tälimçileridir türgenleri bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna döredilip berlen mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Aşyr AŞYROW,
Sakarçäge etrabynyň bedenterbiýe we sport bölüminiň sport mekdebiniň tälimçisi, KA-nyň işjeň agzasy.
“Türkmen sporty” gazeti.