Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝÜREKLERDE BAGTYÝARLYK MUKAMY

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda BMG-ä agza döwletler tarapyndan bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň 27 ýyllygyny belläp geçýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hünärmenleri hem dürli çäreleri, wagyz-nesihat duşuşyklaryny, dabaraly maslahatlary yzygiderli geçirýär. Her bir geçirilýän çärede eziz Watanymyzyň dünýä ýüzündäki belent abraý-mertebesi, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiziň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleri, ylalaşdyryjy merkez hökmünde ýurdumyzyň sebitde we dünýäde eýeleýän orny barada giňişleýin gürrüňler edilýär. Şol dabaralarda halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň ady alkyşlara beslenýär. Şeýle dabaralaryň biri ýaňy-ýakynda merjen şäherimizdäki «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde geçirildi. «Ýüreklerde Bitaraplyk mukamy» diýlip atlandyrylan bu baýramçylyk dabarasyny Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilelikde guradylar. Oňa paýtagtymyzdaky hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky sungat mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy. Biz dabara özleriniň baýramçylyk sowgatlary bilen gelen myhmanlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolduk.

Kuwwatberdi MEDETOW,
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň direktory:

— Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda milli medeniýetimizi, sungatymyzy öwrenmäge, ösdürmäge, ýaşlara-da öwredip, geljek nesillere geçirmäge ähli mümkinçilikler bar. Mekdebimiziň aýdym-saz, tans toparlary ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramlar mynasybetli geçirilýän dabaralaryň ählisine ýörite çykyşlar taýýarlaýar. Meniň özüm mekdebimiziň bagşylar toparyna ýolbaşçylyk edýärin. Beýleki welaýatlaryň sungat mekdepleri bilen bilelikde konsertleri guraýarys. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda daşary ýurtly sungat ussatlary bilen onlaýn arkaly geçirilýän okuw-usuly maslahatlara gatnaşýarys, olar bilen tejribe alyşýarys.

Sungat mekdebimiziň tans toparynyň küştdepdilerini tomaşaçylaryň hemişe örän şowhunly garşylaýandyklaryny görenimde, her gezek kalbymy buýsanç duýgusy gaplap alýar. Şunuň ýaly ýakymly duýgular bizi tomaşaçylara täze-täze çykyşlary hödürlemäge ruhlandyrýar. Şu günki baýramçylyk dabarasyna-da aýdym-saz, tans sungatynyň dürli ugurlaryndan çykyşlaryň birnäçesini alyp geldik.

***

Gülruh GURBANOWA,
Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy:

— Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygyna bagyşlap guran dabarasyna sungat mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplary bilelikde çykyşlaryň birnäçesini taýýarlady. Olar aýdym-saz, tans sungatynyň dürli görnüşlerini şöhlelendirýär.

Talyplarymyz milli ruhy gymmatlyklarymyzdan başga-da beýleki halklaryň aýdym-saz, tans sungatyna hem uly gyzyklanma bildirýär. Horeografiýa sungaty bölüminiň mugallymy hökmünde aýtsam, mekdebimiziň tans toparynyň repertuarynda rus, ispan, iňlis, italýan, özbek, azerbaýjan, türk we ýene-de doganlyk halklaryň birnäçesiniň tanslary bar. Talyplarymyz olary höwes bilen ýerine ýetirýär. Biz doganlyk halklaryň medeniýetine, sungatyna degişli bolan çykyşlarymyzy taýýarlanymyzda dünýä belli sungat ussatlarynyň maslahatlaryndan peýdalanýarys.

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda adamkärçilikli, ruhy baý nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň kämil jemgyýeti kemala getirmek ugrunda alyp barýan işlerine goşandymyzy goşmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys.

***

Gunça MELÄÝEWA,
Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky
ýörite sazçylyk mekdebiniňaýdym aýtmak sungaty bölüminiň mugallymy:

— Sazçylyk mekdebimizde aýdym aýtmagyň, saz sungatynyň dürli ugurlary, şeýle-de horeografiýa boýunça talyplara bilim berilýär. Olaryň halkymyzyň ruhy baýlyklaryny, türkmen medeniýetiniň şu gününi dünýä ýaýjak kämil ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmaga çalyşýarys. Talyplarymyz bilen alyp barýan işlerimiz hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzyň has-da gülläp ösmegi barada edýän tagallalaryna goşandymyz bolar diýip umyt edýäris.

Mekdebimiziň talyplarynyň bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri yhlasymyzyň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär. Olaryň zehinli, ussat medeniýet we sungat işgärleri bolup ýetişmäge çalyşýandyklary bizi diýseň buýsandyrýar. Diňe 2022-nji ýylda özleriniň üstünlikleri bilen bizi begendiren talyplarymyzdan käbirini ýatlap geçesim gelýär. Maksat Gurbanow ýurdumyzda geçirilýän «Çalsana, bagşy» bäsleşiginiň, Aýmährem Akadowa «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri boldular.

Şu günki aýdym-sazly dabara dürli çykyşlaryň birnäçesini alyp geldik. Bu baýramçylyk çykyşlarymyz Halkara Bitaraplyk gününe sowgadymyz bolar.

Parahat durmuşymyzy toýlara besleýän Arkadagly Serdarymyzyň, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren başlangyçlaryň başyny başlan Gahryman Arkadagymyzyň, janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

Söhbetdeşligi taýýarlan Çemen ANNABERDIÝEWA,

«Watan».

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.