Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

BAGY-BOSSANLY BILIM OJAGYM

Ýakynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ýurdumyzyň umumy bilim berýän mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda yglan edilen «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy mekdep» we «Bagy-bossanlyga, gülzarlyga beslenen iň gowy çagalar bagy» atly bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Sarahs etrabyndaky 1-nji orta mekdepde geçirilen bäsleşigiň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek syýasatyny durmuşa geçirmekde, daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleri wagyz etmekden, şeýle hem ýaş nesillerimizde tebigata bolan söýgini döretmekden we ekologiýa medeniýetini ösdürmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň şertine görä bilim edarasynyň howlusynda, daş-töwereginde, oýun meýdançalarynda arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi, daş-töwereginde miweli we saýaly agaçlaryň ýetişdirilişi hem-de olara ideg edilişine garaldy. Bilim edaralarynda döredilen «Tebigat» burçunyň bezelişine eminler toparynyň agzalary aýratyn üns berdiler.

Bäsleşigiň jemi jemlenende mekdepler boýunça 1-nji orna etrapdaky 9-njy orta mekdep, 2-nji orna 5-nji orta mekdep, 3-nji orna 15-nji orta mekdep, çagalar bagy boýunça 1-nji orna 8-nji çagalar bakja-bagy, 2-nji orna 10-njy çagalar bakja-bagy, 3-nji orna bolsa 12-nji çagalar bakja-bagy mynasyp boldular.

Ýeňijilere etrap bilim bölüminiň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap geňeşiniň sowgatlary we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 

Sülgün BEGMYRADOWA, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap geňeşiniň hünärmeni.

«Watan».

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.