Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYK

Ýakynda Esenguly etrabynyň häkimliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň bilelikde guramagynda raýatlaryň hukuk sowatlylylygyny, düşünjeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň oba, şäherçe geňeş agzalary, arçynlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap häkimliginiň jogapkär işgärleri, edara-kärhana ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan bimöçber işleriniň netijesinde ýurdumyzda raýatlaryň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, kanunçylygy üpjün etmek, her kimiň iş ornunda jogapkärçiligi duýup işlemelidigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşyga gatnaşanlar Watanymyzyň at-abraýyny, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha ýokary göterýän Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Meretdurdy KITÇIMOW, TKA-nyň Esenguly etrap birleşmesiniň başlygy. 

«Watan».

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.