Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

FUTBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň we Bereket etrap bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň bilelikde guramagynda sportuň futbol görnüşini giňden wagyz etmek maksady bilen, Bereket etrabynyň edara-kärhanalarynyň arasynda futbol boýunça ýaryş geçirildi. Bäsleşige edaralaryň 8-sinden türgenler gatnaşdylar. Ýaryşa gatnaşan toparlar özleriniň başarnyklaryny görkezdiler. Gyzgalaňly geçirilen ýaryşyň netijesinde baýrakly orunlary eýelän toparlar TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary we Bereket etrap bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

 

Gulatar Gazakow, TKA-nyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy.

"Türkmenistan Sport" Halkara žurnaly.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.