- TM
- RU
Ýakynda Ýewropa parlamentiniň wekili Žordan Bardella «Milli bileleşik» partiýasynyň başlygy wezipesine saýlandy.
2022-nji ýyldaky Prezidentlik saýlawlary başlamazdan öň bu partiýa Marin Le Pen ýolbaşçylyk edýärdi.
Le Pen «Milli bileleşigiň» gurultaýynda partiýanyň içindäki ses berişligiň netijelerini yglan etdi.
Bardellanyň bu saýlawda ýeke-täk bäsdeşi Perpinýanyň 53 ýaşly häkimi Lui Aliody. Ol saýlawçylaryň umumy sanynyň bary-ýogy 15,16% sesini aldy. Jemi 36,6 müň adam saýlawlara gatnaşdy.
Bardella häzirki saýlawlara partiýanyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde gatnaşdy. Oňa degişli wezipeler 2021-nji ýylyň iýulynda «Milli bileleşigiň» öňki başlygy Marin Le Pen tarapyndan berildi. Ol bu kararyny 2022-nji ýyldaky Prezident saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky kompaniýa ünsi jemlemek hem-de syýasatçylaryň ýaş nesline pursat bermek islegi bilen düşündirdi.
Le Pen ikinji tapgyrda Emmanuel Makrondan ýeňlip, (58,55% - Makron, 41,45% - Le Pen) partiýanyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlanmajakdygyny mälim etdi we Fransiýanyň Milli Assambleýasyndaky (parlamentiň aşaky palatasy) «Milli bileleşigiň» fraksiýasyna ýolbaşçylyk edip, ýurduň syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirjekdigini aýdypdy.
Bardella Sen-Sen-Denidäki Žan-Batist-de-La-Sal okuw mekdebinde ykdysadyýet we jemgyýetçilik ylymlary boýunça bakalawr derejesini aldy.
Ýewropanyň ýaş deputaty syýasy karýerasyna 2012-nji ýylda «Milli bileleşik» partiýasynda başlap, üç ýyldan soň Sen-Sen-Denide partiýa sekretary boldy.
2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli partiýanyň metbugat sekretary boldy.
2019-njy ýyldan bäri partiýanyň başlygynyň orunbasary bolup, şol ýyl Ýewropa Parlamentine geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandy.
Serdar Annamuhammedow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň Guramaçylyk we
medeni-köpçülik işleri bölüminiň
baş hünärmeni.