- TM
- RU
Garaşsyz döwletimize guwanmak, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň iki gezek ykrar edilmegi halkymyz üçin iň uly mertebedir.
Bitaraplyk — belent dereje, halkara abraýdyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi daşary syýasatymyzda gazanylan uly üstünlik. Türkmenistan dünýä ýurtlaryna dostlukly goluny uzadýar. Ýurdumyz dost-doganlygyň, parahatçylygyň, dünýä derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlaryň, forumlaryň merkezine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň «Bitarap Türkmenistan» atly ajaýyp kitabynda: «Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi biziň mukaddes gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň manysydyr, öňümizde goýan baş maksadymyzdyr. Bitaraplyk türkmen halkyna parahat, asuda, eşretli hem-de gülläp ösýän durmuşy berdi. Ol Garaşsyzlygyň çuň manyly ideýalarynyň amala aşyrylmagy üçin ynamdar kepil bolup hyzmat edýär» diýen parasatly sözler bar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy diňe bir gymmatlyk bolman, tutuş adamzadyň baýlygy diýip bolar. Baky Bitarap ýurdumyz dünýä döwletleriniň arasynda deňhukukly gatnaşyklary, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň eýeleýän orny diňe munuň bilen çäklenmeýär.
Hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrebap ösen tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer, milli ruhda terbiýelenen kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi-de hemişelik Bitaraplygymyzyň bize eçilen peşgeşi bilen baglydyr. Döwletimiziň ykdysady kuwwatyny barha ýokarlandyrmak, ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, şol sanda ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda alnyp barylýan işlerimiziň aýdyň netijeleridir.
Bilim ulgamynda täze okuw kitaplarynyň we gollanmalarynyň taýýarlanylmagy, innowasion tehnologiýalaryň, okuw-tehniki enjamlaryň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň şol mümkinçiliklerden peýdalanyp, dünýä derejesinde döwrebap ylym, bilim almagy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryny ylma çekmek babatdaky alyp barýan işleri hukuk taýdan üpjün edilýär. Netijede, ylym we bilim ugurlarynda amala aşyrylýan özgerişleriň hemmesi döwletimiziň diňe ykdysady taýdan däl, eýsem, ählitaraplaýyn gülläp ösmegine ýardam berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä halklary bilen hoşniýetli gatnaşyklar has-da ösdürilýär. Bu günki günde söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeni gatnaşyklar täze derejä eýe bolýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlar, festiwallar, ýokary derejedäki çäreler halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň aýdyň beýanyna öwrülýär. Şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzdan ugur alýan parahatçylyk söýüjilik ýörelgämiz mynasyp ösdürilýär, işjeň durmuşa geçirilýär.
Ýaş nesliň eşretli zamanamyzda okamagy, öwrenmegi, döretmegi, gurmagy we ylym bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri hem şertleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Ogulnur ANNANEPESOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň maglumat seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.
"Mugallymlar gazeti" gazeti.