Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

KEREMLI TOPRAK

Toprak, keremli toprak... Halkymyzyň gadymy ynanjyna görä, asly toprakdan bolan ynsan üçin ol ýaradylyşyň, ýaşaýşyň, berekediň egsilmez çeşmesidir. Dogrudan-da, ynsan şu mele ýeriň üstünde dünýä inýär, ömür sürýär, döredýär, gurýar, zähmet çekýär, rysgalyny tapýar, söýýär, söýülýär, ahyrynda bolsa, ýene-de onuň gujagynda aram tapýar. Bu dünýäniň üýtgewsiz kadasy.

Keremli ene toprak! Seniň durum-durkuň tükenmez genji-hazyna ahbetin! Muňa düşünmek üçin saňa ömrüňi örklemeli, saňa halal hyzmat etmeli. Pederlerimiz ýöne ýere: «Ýykylsaň – ýere ýapyş», «Ýykylsaň – bir gysym gum alyp tur» diýmändirler ahyryn. Maňlaý deri bilen saňa zähmet siňdirip bilen ynsana sen rysgal-döwlet eçilip bilýäň. Şonuň üçin halkymyz seni «bereketli toprak», «keremli toprak», «mukaddes toprak» diýip taryplaýar. Çünki sen ata Watan düşünjesi bilen berkden-berk bagly. Watanyň bir daban ýeri mukaddeslik, kerem-keramat saýylýar. Indi halkymyz bu gadymy topragyň üstünde öz ykbalyny özi kesgitläp bilýän kuwwatly döwleti berkarar etdi. Ata Watanymyzyň gündizleri parahat, gijeleri asuda, halky erkana, ýurdy abadan, durmuşy bolelin, ogullary merdana, gyzlary görkana, gojalary pähimdar, eneleri rehimdar. Türkmen döwletiniň dünýä içre at-abraýy has belent tutulyp, hormat-sarpasy barha beýgelýär. Bu gün türkmen topragy gülleýär, gül açýar, ýurt galkynýar, iller ýalkanýar, dost-doganlyk berkeýär, bagt pajarlaýar, bereket çogýar, müdimi abadançylyk höküm sürýär. Gör, türkmene neneňsi ajap döwür-döwran dolandy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz, ylaýta-da, zähmetsöýer daýhanlarymyz ene ýerden zer öndürip, saçaklarymyzy azyk önümleri bilen dolduryp, ýurdumyzyň kuwwatyna kuwwat, güýjüne güýç goşýarlar.

Ak bugdaýyň Watany saýylan güneşli Diýarymyzyň daýhançylyk däpleri öz köklerini gadymy taryhyň jümmüşinden alyp gaýdýar. Halkymyzyň ekerançylyga aýratyn ähmiýet berýändigi ýöne ýere däl. Rysgal-berekediň gözbaşy, saçaklarymyzyň bezegi saýylýan dänelidir kösükli ekinler, gök-bakja önümleridir miweler hem-de gowaça ýaly ekinler milli ekerançylygymyzyň esasyny düzýär. «Harman aldym – gala aldym» diýýän halkymyz bugdaý ýaly azyklyk ekinlere aýratyn uly ähmiýet berýär. Çünki daýhan zähmetiniň miwesi bolan bereketli hasyl bilen bolelin durmuşyň gös-göni baglanyşygy bar. Dana ata-babalarymyz ýöne ýere: «Daýhan – mert, ýer – jomart» diýmändirler. Türkmen daýhanynyň maňlaýyndan ak Gün dogup, ol ýeriň hakyky eýesine öwrüldi.

«Ýeri baýyň – ili baý», «Ýere tarp gerek, ýa zarp gerek», «Bir batman altynyň bolandan, bir daban ýeriň bolsun!» diýýän halkymyz ýer, toprak bilen baglanyşykly gadymy daýhançylyk, ekerançylyk medeniýetini kemala getirmek bilen baglanyşykly ajaýyp adalgalary-da döredipdir. Mysal üçin, ýeriň üstüniň aýratynlygy bilen bagly şeýle sözler bar: depiz – sähralarda ýerleşýän, daş-töweregini gum gurşap alan şor toprakly ýer; kepez – ýüzüne ýukajyk toprak örtülen ýumşajyk ýer; ala – üstüne gyrymsy çöp biten çäge gatyşykly takyr; adyr – gumaksöw kiçiräk takyr; gorp – akan uly suwuň gyralary opurylan ýoly; aklaň – üstünde selçeň ösümlik biten ullakan çägeli depe; alaň – beýik gum depesi.

Ekerançylyk ýerleriniň-de birnäçe adalgalary mälimdir. Mysal üçin, ak ýer – arpa-bugdaý ekmek üçin suwarmaga taýýarlanylan ýer; jygyr – ýüzi uşajyk kesekli, topursyz ekerançylyk ýeri, jygyr kesekli ýer; par – öňki ýer sürlüp, üstünden ýyl aşan ýer; nurhorda – ýerli dökün köp dökülen, ýumşap ýatan ýer; symyş – öň sürlüp ekilen, emma hor düşeni zerarly birýyllykça ekilmän taşlanan ýer; tedrim – öň ekilmedik ýa-da bir wagt ekilip taşlanan, sürülmedik tarp ýer; peýkal – bir bölek ekin meýdany; tarp – ekerançylyga ýaramly sürlüp, açylmadyk ýer.

Ykbalyny ata Watanynyň, ene topragynyň, mähriban halkynyň ykbalyna baglan, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýan zähmetsöýer ildeşlerimiz dünýäde iň bagtly adamlardyr. Çünki ene topraga halal zähmetiň bilen wepaly hyzmat etmek ata-baba gelýän milli ýörelgämizdir.

Goý, keremli türkmen topragynda abadançylyk, rysgal-bereket we bagtyýarlyk baky höküm sürsün!

 

Arslan TÖREKULOW,

TKA-nyň Lebap welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni.

"Mugallymlar gazeti" gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.