Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

HOŞALLYK MASLAHATY

Düýn Ak bugdaý etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda bolan hoşallyk maslahaty uly joşguna we ruhubelentlige beslendi. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň, etrap hassahanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan hoşallyk maslahaty agzalan hassahananyň durky täzelenen we täze gurlan binalarynyň açylmagyna bagyşlandy.

Saglygy goraýyş işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen hoşallyk maslahatynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak, keselleriň öňüni almak, raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň bermek ugrunda edýän taýsyz tagallalary dogrusynda guwanç bilen gürrüň edildi. Çykyş edenler Arkadagly Serdarymyzyň eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezlerini, hassahanalary, saglyk öýlerini, şypahanalary gurdurmagynyň gözbaşynda ynsan saglygy hakdaky aladanyň durandygyny belläp, Ak bugdaý etrap hassahanasynyň durkunyň täzelenmegi we täze binalarynyň gurulmagy hem bu ugurdaky tagallalaryň nobatdaky subutnamasydygyny nygtadylar.

Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar hassahananyň täze binalaryny sowgat edip, onda döwrebap şertlerde zähmet çekmäge we ildeşlerimize ýokary lukmançylyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga döreden giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Yhlas SAPAROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ak bugdaý etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ahal durmuşy gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.