Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GURAMAÇYLYKLY ALYNYP BARYLÝAN IŞLER

Eziz Diýarymyzda adam hakyndaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş-durmuşyny gowulandyrmak, medeniýetli dynç almaklaryny guramak ugrunda uly özgertmeler amala aşyrylýar.

Ata Watanymyz Türkmenistanda syýahatçylyk we saglygyňy berkitmek üçin Hazaryň kenaryna bezeg berip oturan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy özüniň aýratyn tebigy-howa şertleri bilen agzalýar. Bu ýeriň howasynda ynsan üçin ýokumly maddalaryň ençemesi jemlenýär. Behişdi mekanda täze oturdylýan  müňlerçe  düýp nahallar, eýýäm boýuny göge çatan daragtlar ýaramly tebigy şertleriň has baýlaşmagyny üpjün edýär.Taryh üçin uly bolmadyk wagtyň içinde dünýä ýüzünde taýsyz gözelligiň amal bolan künjeginde deňiz ýakasynda ynsan bagty üçin barça eşretler kemala geldi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmek, ýarawsyz we maýyp adamlary durmuş taýdan goramak, ata-babalarymyzyň haýyr-sahawatlyk, rehimdarlyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Geňeşiniň  “TKAMM-yň “Daýanç” sagaldyş merkezinde köpçülikleýin dynç alyşy guramak hakynda” kararyna laýyklykda, “Daýanç” sagaldyş merkezinde ýarawsyz, maýyp çagalaryň dynç alyp, saglygyny dikeltmeklerini guramagy, şeýle hem olaryň ýany bilen hossarlyk etmek üçin gidýän ata-enelerini, ýakyn hossarlaryny ýaşaýyş jaýy, iýmit bilen üpjün etmegi ýokary derejede alnyp barylýar.

2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-21-i aralygynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesi tarapyndan “Daýanç” sagaldyş merkezine ýarawsyz, maýyp çagalaryň şeýle hem olaryň hersiniň ýany bilen hossarlyk etmek üçin ata-eneleriniň, ýakyn hossarlarynyň dynç alyp, saglygyny dikeltmeklerini guramak işleri geçirildi. Sagaldyş merkezinde olara lukmanlaryň kömeginden peýdalanyp, saglyklaryny berkitmäge-de mümkinçilikler döredildi. Mundan başga-da Awazanyň gözel ýerlerine gezelençler, aýdym-sazly medeni dynç alyş çäreleri hem guraldy.

Halkymyzyň saglygyny goramak, ilatyň sagdyn ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!                                                                                                                                                                                               

 

Laçyn Amantaganowa

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň

maliýe bölüminiň müdiri-baş buhgalteri.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.