Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

MEDENI HYZMATDAŞLYK KÖPRÜSI

Dünýä giňişliginde işjeň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan türki dilli ýurtlar bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly üns gönükdirýär. Türki dilli ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny taryhy köklerimiziň umumylygy, asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän medeni we ruhy däpler baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde Türkmenistan TÜRKSOÝ guramasynyň işjeň agzalarynyň biri bolup, medeni mirasyň goralyp saklanmagyna, türki dilli halklaryň arasynda doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. 28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etmegi, bu guramanyň taryhy, ruhy, medeni gymmatlyklarynyň umumylygy birleşdirýän halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatlaryna laýyk gelýän gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetini bellemegi bu ugra berilýän ünsüň örän uludygyna şaýatlyk edýär.

Halkymyzyň nesilden-nesle geçip gelýän täsin taryhy-medeni mirasyny hem-de özboluşly milli däp-dessurlaryny gorap saklamak, olary halkara giňişlikde wagyz etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz şular barada belläp, myhmana hem-de onuň üsti bilen TÜRKSOÝ-nyň hemişelik geňeşine 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa şol ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Her bir halkyň özüniň öçmejek şöhratly taryhy, belende göterilen milli medeniýeti bolýar. Türkmen halkynyň hem hiç bir halkyňka meňzemeýän beýik taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bar. Türkmen halkynyň milli medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary gadym zamanlardan bäri dünýä halklarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Ata-babalarymyz özleriniň senetçiligi, binagärlik we amaly-haşam sungaty, zergärçiligi, aýdym-sazlary, ylmy ojaklary, kitaphanalary bilen dünýä medeniýetiniň ösmegine uly goşant goşupdyr. Ony Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň we beýleki taryhy ýerlerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýa medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginde-de aýdyň görýäris.

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy Änewde dokmaçylyk, ekerançylyk, küýzegärlik, binagärlik, medeniýet gülläp ösüpdir. Bu ýerde bar bolan kerwensaraýlar, ylym-bilim ojaklary, köşgi-eýwanlar, bazarlar dünýäniň jahankeşdeleriniň, söwdagärleriniň, alymlarynyň, şahyrlarynyň, bagşy-sazandalarynyň höwes bilen gelýän ýerlerine öwrülipdir.

TÜRKSOÝ tarapyndan taryhyň gymmatly sahypalaryny saklaýan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan edilmegi şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, milli mirasymyzy dünýä jemgyýetçiligine ýaýmaga giň ýol açar. Änew şäheriniň Türki dünýäniň medeni paýtagty bolmagy mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyp, olar uly toý-dabara beslener. Ine, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretarynyň ýolbaşçylygynda gelen wekiliýetiň agzalary düýn, gadymy Ahal ilinde myhmançylykda bolup, Änew şäheriniň ajaýyp ýerlerine baryp gördüler. Myhmanlar Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasyna, Milli «Ak bugdaý» muzeýine, Seýit jemaleddin metjidine we medeniýet öýüne baryp, bu ýeriň taryhy bilen gyzyklandylar.

Nesip bolsa, gadymy Änewde 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ-a agza döwletlerden myhmanlar, medeniýet we sungat ussatlary gelip, mähriban halkymyz bilen bir dogan deý agzybirlikde toý toýlarlar. Bir saçagyň başyna jem bolup, geçiriljek dabaraly çäreler bolsa, taryhy, dili, däbi, dini bir bolan halklary has-da ysnyşdyrar, ýakynlaşdyrar.

 

Ogulşat ÇARYÝEWA,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň işgäri, Zenanlar birleşiginiň işjeň agzasy.

Ahal durmuşy gazeti.

IŇ SOŇKY HABARLAR

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.