- TM
- RU
Aşgabat, 10-njy dekabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan, BMG-niň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabr aýynda döredilen zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýada şeýle görnüşdäki ilkinji düzümdir. Şu ýyl Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklyk edýär. Biziň ýurdumyz bu guramanyň çäklerinde halkara guramalar hem-de oňa gatnaşyjy ýurtlar bilen dürli ulgamlarda — gender deňligini, parahatçylykly we durnukly ösüşi, daşky gurşawy goramagy üpjün etmekde, zenanlar telekeçiligini goldamakda, kanunçykaryjylyk derejesinde hem-de döwlet syýasaty derejesinde zenanlaryň durmuş goraglylygyny kämilleşdirmekde üstünlikli hyzmatdaşlyk saklaýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygymyz hil taýdan täze derejä çykaryldy. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk şeýle mysallaryň biridir. Türkmenistan zenanlaryň dialogyny geçirmekde oňyn tejribe toplady, sebit derejesinde şeýle dialog 2021-nji ýylyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirildi. Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy boýunça Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň “Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşlerde zenanlaryň orny” ady bilen zenanlaryň dialogy üstünlikli geçirildi.
Dialogyň şu gezekki maslahatynyň Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygynyň öň ýanynda Aşgabatda geçirilýändigi buýsançly ýagdaýdyr. Şeýle hem şu günlerde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli ýurtlary hem-de iri halkara guramalar, ilkinj nobatda, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we düzümleri bilen oňyn gatnaşyklary barha giňeldýän Bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Dünýä bileleşigi üçin örän möhüm gender meseleleri boýunça Türkmenistanyň gazananlary mese-mälimdir. Türkmen zenanlarynyň ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady hem-de medeni işlere giňden gatnaşmaklary munuň mysalydyr. Muňa Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler zalynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň şu gezekki ýyllyk jemleýji maslahaty hem şaýatlyk edýär. Bu ýere şeýle hem Milli Geňeşiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň zenan ýolbaşçylarydyr wekilleri, daşary ýurtlarda işleýän türkmen diplomatlary, žurnalistler ýygnandylar. Maslahat başlamazdan ozal dialoga gatnaşyjylar milli däp-dessurlary, halklarymyzyň ruhy we medeni mirasyny gorap saklaýan türkmen zenanlarynyň el hünärine ussatlygyny, olaryň döwlet durmuşynyň dürli ulgamlarynda gazananlaryny açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Däp boýunça baýramçylyk sergisinde häzirki zaman dokma senagatynyň önümleri, şekillendiriş we amaly haşam sungatynyň eserleri, şol sanda çeper elli zenanlaryň hem-de zergärleriň nepis işleri görkezildi. Halyçy zenanlar haly önümlerini dokamagyň inçe usullaryny görkezdiler.
Myhmanlar aýdym-saz bilen garşylandy hem-de olara milli tagamlar hödür edildi. Olar üçin kiçi sahna oýny taýýarlanylyp, onda dialoga gatnaşyjy ýurtlaryň milli lybaslaryndaky gyzlar her bir ýurda mahsus bolan tansy ýerine ýetirmek bilen, myhmansöýerlik däp-dessurlaryny beýan etdiler. Köpöwüşginli tomaşa umumy tans — Adamzadyň bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän joşgunly türkmen küştdepdi tansy bilen tamamlandy. Şeýle hem oňyn Bitaraplyk syýasatyny wagyz etmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlary, durmuş we gender syýasatynyň ýerine ýetirilişi barada ýörite wideorolik görkezildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa şu ýyl dialogda türkmen tarapyndan başlyklyk ediji hökmünde maslahaty açyp, oňa gatnaşyjylary gutlap, sebitiň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde dialogyň toplan ägirt uly tejribesini hem-de onuň zenan hyzmatdaşlygyny ilerletmek boýunça dürli çäreleri geçirmek üçin hemişelik hereket edýän meýdança öwrülendigini belledi. Ol hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tutuş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň dialoga başlyklyk etmeginiň çäklerinde alyp barýan işlerini goldandygyny hem-de aýratyn üns berendigini belledi. Şu gezekki maslahatyň Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda geçirilýändigini aýdyp, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň guramasynyň işiniň özenini parahatçylyk we dialog medeniýetini ilerletmek, ýurtlaryň hyzmatdaşlygyna hem-de sebitde we dünýäde durnukly ösüşe ýardam bermek ýaly asylly taglymlaryň düzýändigini nygtady.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy N.German dialogyň işine yzygiderli goldaw berýändigi we şu gezekki maslahatyň guralmagyna ýokary derejeli şertleriň döredilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, dialog ählumumy derejede özüniň ukybyny, gender deňeçerligi boýunça möhüm wezipeleriň çözgüdinde ähmiýetlidigini görkezdi. Şu ýyl bu düzümiň wekilleri birnäçe halkara we sebitara duşuşyklara, şol sanda BMG-niň parahatçylykly gurluş boýunça toparynyň mejlisine gatnaşdy. Natalýa German Türkmenistanyň 2022-nji ýylda dialoga başlyklyk etmeginde ýerine ýetiren işlerine ýokary baha berdi. Geçen ýyl guramanyň işiniň ugurlary we ekologiýa meseleleri, terrorçylyga garşy göreş babatda zenanlaryň eýeleýän orny bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, medeni mirasy gorap saklamak boýunça işleriň ugurlary has-da artdy.
Soňra BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan çykyş edip, duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we ýurduň Hökümetine hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň 2022-nji ýylda dialoga başlyklyk etmekdäki üstünlikleri bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde dialog sebitleýin parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň durmuş-ykdysady we syýasy işini pugtalandyrmak üçin netijeli gurala öwrüldi.
Forumyň açylyş dabarasy tamamlanandan soň, onuň işi umumy mejlisde dowam etdi. Onuň barşynda sebitiň ýurtlarynyň degişli guramalarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijelerine we hyzmatdaşlygyň geljekki meýilnamalaryna garaldy. Mejlise gatnaşyjylar zenanlaryň syýasy we durmuş ulgamynda alyp barýan işlerine goldaw bermek, sebitde şeýle hem tutuş dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler boýunça çözgütleri kabul etmäge ýardam bermegiň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin dürli sebitleýin toparlaryň hem-de Merkezi Aziýa toparlary birleşikleriniň tejribeleri bilen tanyşdyryldy.
Umumy mejlisiň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň Majlisiniň Başlygynyň orunbasary Balaim Kesebaýewa dialogyň parahatçylyk dörediji işiniň ähmiýetini belledi. Häzirki döwürde zenanlaryň tagallasy aýratyn zerurdyr diýip myhman belledi we dialoga gatnaşyjylary BMG-niň düzümleri bilen tagallalary utgaşdyrmaga çagyrdy.
Öz gezeginde Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň Toparynyň Başlygynyň orunbasary Jamiliýa Isaýewa dialogyň işiniň zenanlaryň telekeçilik ukybyny ösdürmekde, oba ýerlerinde ýaşaýan zenanlaryň meseleleri bilen baglanyşykly çözgütleri kabul etmekde aýratyn ähmiýetlidigini nygtady.
Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgalalaryň işi boýunça komitetiň başlygy Hilolbi Kurbanzoda mejlise gatnaşyjylary kanunçylyk, düzümleýin esaslary döretmek hem-de berkitmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly gender deňeçerligini üpjün etmek boýunça ýurtda alnyp barylýan işler, milli tejribe bilen tanyşdyrdy.
Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa şu ýylda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň we geçirilen çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu döwürde 19 çäre geçirildi, olaryň üçüsi Özbegistanda guralyp, şol sanda keşdeçilik sungatyna bagyşlanan festiwal hem geçirildi.
Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň dialoga başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen çäreler barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilenine we Döwlet Baýdagynyň döredilenine, şeýle hem sebitiň ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 30 ýyl boldy. Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär we olar giň gerimli hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolýar. Türkmenistanyň başlyklyk eden şu ýylynda dialog ähli hukuk binýady we düzümleri bilen hemişelik hereket edýän resmi däl düzüm hökmünde ykrar edildi. Sebitiň ýurtlarynda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle-de halkara guramalar, dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça dürli çäreler geçirildi hem-de guramany esaslandyryjy resminamalar kabul edildi, degişli bilim ulgamy döredildi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna başlyklygynyň çäklerinde şu ýylda geçirilen ähli çäreler sebitiň döwletleriniň arasynda ynanyşmak medeniýetini berkitmäge gönükdirildi we olar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli däp-dessurlary, medeniýetleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Şeýle hem zenanlaryň möhüm meseleleriň çözgüdini kabul etmekde tagallalaryny birikdirmek, tejribe alyşmak, gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda Türkmenistanyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna-da aýratyn üns berildi. Ol ýurdumyza energetika, ekologiýa, lukmançylyk we medeniýet diplomatiýasyny, şeýle hem “Dialog — parahatçylygyň kepili” ýörelgesini ilerletmäge, ilatyň durmuş goraglylygyna gönükdirilen kanunçylygy tassyklamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde sebitde we tutuş dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen dostluk hem-de ynanyşmak syýasatyny alyp barýar diýip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa belledi. Şonuň bilen birlikde-de ol mejlise gatnaşyjylaryň adyndan oňyn syýasaty alyp barýandygy hem-de dialogyň işine goldaw berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Mejlisiň ahyrynda jemleýji resminama kabul edildi. Onda şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde ýerine ýetirilen ähli çäreler görkezildi we özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary kesgitlenildi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen syýasaty amala aşyrýandygy tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna goldaw berýändikleri üçin sebitiň döwletleriniň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler. Bu düzüme geljek ýyl başlyklyk etmek hukugy Gazagystan Respublikasyna geçirildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisine gatnaşyjylaryň Aşgabatda bolmaklarynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi. Myhmanlar üçin dürli ugurlary öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlandy. Olar şu gün Türkmen halysynyň milli muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Şeýle hem myhmanlar Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda goýlan we zenanlaryň ykbalyna bagyşlanan “Hüwdi” atly sahna oýnuna tomaşa etmäge çagyryldy. Mundan başga-da Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp görmek, “Aşgabat” kinokonsert merkezinde “Gyzyl kürte” atly çeper filme tomaşa etmek meýilleşdirildi.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylar 12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guraljak baýramçylyk çärelerine gatnaşarlar.
Surata düşüren Arslan MÜLLIKOW.