Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ HUKUK ESASLARY

Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly baştutanlygyndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, halkymyzy ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmäge aýratyn ähmiýet we üns berilýär.

Hormatly Prezidentimiz halkara tejribä, häzirki döwrüň talabyna, durmuşyň milli kadalarynyň aýratynlyklaryna laýyklykda, oba hojalyk önümçiliginiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmak, suw serişdelerini netijeli we tygşytly ulanmak, zeýkeş ulgamlaryny doly güýjünde işletmek, ýer kadastryny dogry ýöretmek bilen baglanyşykly anyk we aýdyň wezipeleri kesgitledi. Bu ugurda kanunçylyk esaslary has-da berkitmek hem-de kämilleşdirmek, ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, suwlary durnukly hem-de rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän we suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ýok etmäge, suw obýektleriniň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilen, XXVI bapdan we 120 maddadan ybarat bolan Türkmenistanyň Suw kodeksi kabul edilip, herekete girizildi.

Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň 2-4-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň suw kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (rejelenen görnüşi) esaslanýar we şu ady agzalan Kodeksden hem-de suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar. Türkmenistanyň suwlary peýdalanmak we goramak meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, şu salgylanýan Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda kabul edilýär we onuň düzgünlerine çapraz gelmeli däldirler.

Agyz suwy peýdalanmak we içimlik suw bilen üpjünçilik babatda ýüze çykýan gatnaşyklar, Türkmenistanyň suw kanunçylygy we agyz suwy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

Deňiz we serhetüsti suwlaryny peýdalanmak we goramak babatda ýüze çykýan gatnaşyklar, şu ady agzalan Türkmenistanyň kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen düzgünleşdirilýär.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň suw kanunçylygynda bellenen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň esasy maksatlary suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek hem-de saklamak we ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin suwlary goramagy üpjün etmek bolup durýar.

Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň wezipeleri şu aşakdakylar bolup durýar:

1) suw gaznasyny, suw üpjünçiligini we suw sowmagy peýdalanmak we goramak babatda döwlet syýasatyny alyp barmak;

2) suwdan durnukly peýdalanmagy we suw gaznasyny, suw üpjünçiligini hem-de suw sowmagy goramagy goldamagyň we ösdürmegiň hukuk esasyny üpjün etmek;

3) suw serişdelerini, gidromelioratiw ulgamlaryny we gidrotehniki desgalaryny öwrenmek, barlamak, rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak hem-de goramak babatdaky gatnaşyklary dolandyrmak;

4) suw hojalygyny ösdürmegiň we ýerleriň meliorasiýasyny gowulandyrmagyň ugurlaryny kesgitlemek;

5) ilaty, çäkleri hem-de hojalygy dolandyrmagyň obýektlerini gidrotehniki desgalardaky adatdan daşary ýagdaýlardan we olaryň döreden netijelerinden goramak.

Türkmenistanyň suw kanunçylygy şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:

1) ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň we ilatyň saglygyny gorap saklamagyň esasy bolup durýan, suwlaryň döwlet ähmiýetini ykrar etmek;

2) suwlary peýdalanmak we goramak babatda döwlet dolandyryşy hem-de döwlet gözegçiligi;

3) ilatyň suwa bolan deň elýeterliligini üpjün etmek;

4) suw serişdelerini durnukly we rejeli peýdalanmak;

5) suw serişdelerini bir bitewüleşdirip (toplumlaýyn) dolandyrmak;

6) suw serişdelerini dolandyrmagyň dolandyryş-çäk we sebitleýin ýörelgelerini utgaşdyrmak;

7) suwdan peýdalanmagyň amatly şertlerini döretmek, daşky gurşawyň ekologiýa durnuklylygyny we ilatyň sanitariýa- epidemiologiýa taýdan howpsuzlygyny gorap saklamak;

8) hil kadalaryna laýyk gelýän süýji suwlary agyz suw hajatlary üçin peýdalanmagy ileri tutmak;

9) suwlaryň hapalanmagynyň, zibillenmeginiň we egsilmeginiň öňüni almak;

10) raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň suw obýektlerini peýdalanmaga we goramaga degişli meseleleri çözmäge, olaryň durmuşa geçirilmegi suw obýektleri peýdalanylan we goralan mahalynda olara oňyn täsirini ýetirip biljek çözgütleri taýýarlamaga gatnaşmagy;

11) suwlary peýdalanmak we goramak bilen baglanyşykly çäreler geçirilen mahalynda aýanlygy hem-de suwlary peýdalanmak we goramak hakyndaky maglumatyň elýeterliligini üpjün etmek;

12) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän suwdan ýörite peýdalanmagyň käbir görnüşlerinden başgalary üçin suwdan ýörite peýdalanmagyň tölegliligi;

13) Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik;

14) Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak;

15) suwlary peýdalanmak we goramak babatda, şol sanda serhetüsti suw obýektleriniň sebitleriniň araçäklerinde suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek arkaly halkara hyzmatdaşlygy.

Türkmenistanyň suw kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna (rejelenen görnüşi) esaslanýar we ady agzalan Kodeksden hem-de suw gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.   

Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň esasy maksatlary suwdan peýdalanmagyň ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan amatly derejesine ýetmek, ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmak hem-de daşky gurşawy gorap saklamak üçin suwlary goramagy üpjün etmekdir.

Suw gaznasy, suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasatyny alyp barmak, suwdan durnukly peýdalanmagy we suw gaznasyny, suw üpjünçiligini hem-de suw sowmagy goramagy goldamagyň we ösdürmegiň hukuk esasyny üpjün etmek, suw serişdelerini, gidromelioratiw ulgamlaryny, gidrotehniki desgalaryny öwrenmek, barlamak, rejeli we toplumlaýyn peýdalanmak hem-de goramak babatdaky gatnaşyklary dolandyrmak, suw hojalygyny ösdürmegiň, ýerleriň meliorasiýasyny gowulandyrmagyň ugurlaryny kesgitlemek, ilaty, çäkleri hem-de hojalygy dolandyrmagyň obýektlerini gidrotehniki desgalardaky adatdan daşary ýagdaýlardan we olaryň döreden netijelerinden goramak Türkmenistanyň suw kanunçylygynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Mundan başga-da, bu çygyrda amala aşyrylýan işleriň hukuk esaslaryny döwrebaplaşdyrmagyň dowamynda ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini döretmäge gönükdirilen, agyz suwunyň hiline we onuň adamyň saglygy üçin howpsuzlygyna, agyz suwunyň çeşmeleriniň goralmagyna we olardan peýdalanylyşyna gözegçiligi amala aşyrmaga bolan döwlet talaplaryny kesgitleýän, agyz suw üpjünçiliginiň ulgamlarynyň rejeli peýdalanylmagynyň we hapalanmakdan, zaýalanmakdan hem-de azalmakdan ekologik taýdan goralmagynyň, şeýle-de işlemeginiň we agyz suw üpjünçiligi babatda subýektleriň özara gatnaşyklarynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýän “Agyz suwy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizildi.

Salgylanýan bu Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasynyň 1-3-nji böleklerine we 15-nji maddasyna laýyklykda,  Türkmenistanyň çäginde her bir adama bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda  agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär.

Ilatyň ýaşaýan ýerlerindäki agyz suwuna bolan isleglerini kanagatlandyrmak agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen (ileri tutulýan) ýa-­da merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň ösdürilmegine, ätiýaçlyk agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegine gönükdirilen çäreler, şeýle hem salgylanýan kanunçylygyna laýyklykda agyz suw üpjünçiligine döwlet goldawy, düzgünleşdirmesi we gözegçiligi arkaly amala aşyrylýar.

Fiziki şahslar jemgyýetçilik ýerlerinde (menzillerde, seýilgählerde, suwa düşülýän we beýleki ýerlerde) bolan döwürlerinde, şeýle hem ulag serişdelerinde üç sagatdan artyk ýol geçen ýagdaýlarynda agyz suwy bilen, şol sanda ady agzalan desgalaryň eýeleri tarapyndan mugt üpjün edilýär.

Sarp edijileriň alýan agyz suwunyň hili kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelmelidir we aşakdakylar bilen üpjün edilmelidir:

agyz suw üpjünçiliginiň çeşmesini we suwy arassalamagyň degişli tehnologiýasyny saýlamak;

çeşmedäki suwuň hiline  gündelik gözegçilik geçirmek (şol sanda awtomatizasiýalaşdyrylan);

agyz suw üpjünçilik ulgamlarynda adam üçin howpsuzlygy we zyýansyzlygy tassyklaýan degişli güwanamalary bar bolan enjamlary, materiallary, reagentleri ulanmak;

bellenilen tertipde hünär synagyndan geçen ýa-da akkreditirlenen agyz suw üpjünçilik guramalarynyň barlaghanalary tarapyndan kadalaşdyryjy resminamalar bilen göz öňünde tutulan usullar boýunça agyz suwunyň hiline yzygiderli önümçilik gözegçiligini amala aşyrmak. Öz barlaghanalary bolmadyk guramalar tarapyndan agyz suw üpjünçilik ulgamlary ulanylanda bellenilen tertipde akkreditirlenen barlaghanalar bilen şertnamalaýyn esasda agyz suwunyň hiline gözegçilik edilip bilner; 

agyz suwuna we agyz suw üpjünçilik çeşmelerine kadalaşdyryjy talaplary täze ylmy maglumatlaryň esasynda her bäş ýylda bir gezek bellemek we gaýtadan gözden geçirmek;

sanitariýa gorag zolaklaryny we agyz suwunyň tötänleýin ýa-da bilkastlaýyn hapalanmakdan goragynyň beýleki görnüşlerini bellemek arkaly merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik agyz suw üpjünçilik çeşmelerini we ulgamlaryny goramak; 

ýerli şertleri hasaba almak bilen agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynda agyz suwunyň birkysmy we iş maksatnamalaryny hem-de hiline gözegçilik kadalaryny işläp taýýarlamak;

agyz suw üpjünçiliginiň ýerasty suwlarynyň gatlalarynyň gurluşlaryny taslamak we ulanmagyň düzgüni boýunça geologiýa babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň gidrogeologik gullugynyň tekliplerini berjaý etmek;

adamlaryň saglygyna howp dörände ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan sanitariýa-epidemiologiýa gözegçiligi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşyp, agyz suwunyň hiline gözegçilik etmegiň wagtlaýyn güýçlendirilen düzgünini girizmek.

Türkmenistanyň Prezidenti  tarapyndan 2022-nji ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin  mejlisinde “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny” tassyklanyldy. Bu ady agzalan Konsepsiýada ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň öňünde duran täze wezipeleri hem kesgitlenildi.

Şeýle-de, salgylanýan bu Konsepsiýa laýyklykda, suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça öz garaýyşlaryny emele getirip, Türkmenistan bu meselelere uzak geljege niýetlenen umumy dünýä meýilnamalaryndan, ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň, durnukly energetikanyň toplumlaýyn ulgamyny döretmegiň strategik maksatlaryndan üzňe seredilip bilinmejekdigine esaslanýar.

Şundan ugur alnyp, suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň düzüm bölegi hökmünde garalýar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan suwdan peýdalanmagyň we suw serişdeleriniň döwletler üçin deň derejede elýeterli bolmagynyň adalatly, köptaraplaýyn bähbitleri nazara almaga esaslanan ählumumy we sebit ulgamlaryny döretmek boýunça halkara tagallalaryny utgaşdyrmaga suw diplomatiýasynyň esasy maksady hökmünde garaýar.

Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýa sebitinde suw serişdelerinden peýdalanmak ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri bilen meşgullanjak, hemişelik esasda işleýän ýöriteleşdirilen halkara guramasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleri işjeňleşdirmegi we anyk ugurlara gönükdirmegi teklip edýär.

Türkmenistanyň suw diplomatiýasy suw we suw energetika ulgamlarynda hereketleri utgaşdyrmak maksady bilen, beýleki döwletler, ilkinji nobatda bolsa, goňşy döwletler bilen işjeň we gyzyklanma bildirilip hyzmatdaşlyk edilmegini göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz esasy wezipesini halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, birek-birege hormat goýmagyň we sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda sebit ylalyşygyny gazanmakda görýär.

Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň esasy wezipeleriniň biri Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde syýasy-hukuk häsiýetli hemmetaraplaýyn resminamany-Birleşen Milletler Guramasynyň suw strategiýasyny işläp taýýarlamagy öňe sürmek bolup durýar. Bu resminamada Ýer ýüzüniň suw serişdelerini uzak geljegi göz öňünde tutup, aýawly saklamak we ulanmak babatda halkara bileleşiginiň maksatlary, çemeleşmeleri we hereketleri aýdyň beýan edilip bilnerdi.

Biziň ýurdumyzyň suw meseleleri boýunça garaýyşlary Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna, başlangyçlaryna, şeýle hem durnukly ösüşiň meselelerine bagyşlanan maslahatlaryň, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň 2012-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen «Rio+20» atly maslahatynyň, Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde 2015-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen Bütindünýä suw maslahatynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklara esaslanýar.

Netijede, ýurdumyzda suwlary durnukly hem-de rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän suw diplomatiýasynyň kanunçylyk-hukuk binýady tutuldy.

Türkmenistanda  suwuň gadyr-gymmatyny, sarpasyny belent tutup, ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün etmek we suw diplomatiýasynyň kanunçylyk esaslaryny döwrebaplaşdyrmak hem-de                       has-da kämilleşdirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize we mähriban Arkadagymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarys.

Döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömrleriniň uzak, demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň bähbidi üçin alyp barýan ýadawsyz işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýäris.

 

Baýram GURTMYRADOW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara

gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.