- TM
- RU
Hemmämize mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýörelgesine eýerilip, ýurdumyzda her bir ýyly ajaýyp şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Ata kesbini mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze — 2023 -nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bütin halkymyzy, aýratynam, ýaşlary çäksiz begendirdi. Çünki, Arkadagly Serdarymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar barada: «Giň gözýetimli ýaş nesli kemala getirmek ilkinji nobatdaky wezipedir» diýip, buýsançly belleýär.
Goý, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýlip atlandyrylan 2023-nji ýyl il-günümize şan-şöhrat getirsin! Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyzy belent-belent sepgitlere ýetirsin! Nesip bolsa bu ajaýyp şygar ýaşlary has-da höwesli ylym-bilim almaga, döredijilikli zähmet çekmäge, joşgunly döretmäge ruhlandyrar. Ýaşlar hakynda uly alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýaş nesilleriň alkyşlary dillerde sena bolup ýaňlanýar.
Gülnabat ÇARYÝEWA.
Sakarçäge etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy,
TKA-nyň işjeň agzasy.
Maru-şahu jahan gazeti.