Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ITALIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI

Aşgabat, 11-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luiji Ferrarini kabul etdi.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy we Prezident Serjio Mattarellanyň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna bagt, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, okgunly ösýän, oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi Italiýanyň daşary syýasat strategiýasyna hem-de tutuş Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini bu jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi hem-de Italiýa Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny aýtdy, Türkmenistanyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda guralýan dostlukly gatnaşyklary we döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-italýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalaryň, düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Muňa durnukly ösüşiň, ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlardyr teklipleriň özara goldanylýandygy hem şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň çäklerinde gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda Italiýanyň indi köp ýyllaryň dowamynda Ýewropa giňişliginde Türkmenistanyň möhüm söwda hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi. Netijeliligi bilen tapawutlanýan bu gatnaşyklaryň giňeldilmegine ykdysadyýetiň hususy bölegi uly goşant goşýar. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüşiň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýan italýan kompaniýalarynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taraplaryň mümkinçiliklerini has netijeli peýdalanyp boljakdygyny aýtdy hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, ýangyç-energetika, ulag, oba hojalyk we dokma senagaty ulgamlarynda iri milli hem-de halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegini hasaba almak bilen, bu mümkinçilikleriň işjeň herekete girizilmelidigini belledi. Şeýle hem baý taryhy, medeni mirasa eýe bolan türkmen we italýan halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi nygtaldy. Medeniýet günleriniň, sergileriň, ylmy maslahatlaryň geçirilmegi döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz Luiji Ferrarini Türkmenistanda işe başlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, deňhukuklylyk we uzak möhletleýinlik esasynda guralýan döwletara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmäge gönükdirilen jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Italiýa Respublikasynyň ilçisi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, türkmen-italýan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ýardam etjekdigine hem-de iki ýurduň we olaryň dostlukly halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ugry dowam etdirjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Ýurtlarymyzyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Luiji Ferrarini Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.

Oňa mahsus bolan şahsy häsiýetler özüne ynanylan jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde Siziň Alyhezretiňiziň hormatyna we ynamyna mynasyp boljakdygyna ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizden ony hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de Italiýa Respublikasynyň adyndan ähli aýtjaklaryna, esasan-da, meniň adymdan we italýan halkynyň adyndan tüýs ýürekden dostluk baradaky ynandyrmalarymyzy beýan edende hem-de Size we Siziň halkyňyza gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlarymyzy ýetirende, oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Serjio MATTARELLA,
Italiýa Respublikasynyň Prezidenti.

 

(TDH).

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.