- TM
- RU
Ýakynda Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň we ýurdumyzyň raýatlarynyň isleg-arzuwlary, Türkmenistanyň jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleri hem nazara alnyp, «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşynyň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň kanunçylygyna esaslanyp, «Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa at dakmak hakynda» Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararyna gol çekildi. Ady agzalan bu Karara laýyklykda, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezini «Ahal welaýatynyň Arkadag şäheri» diýip atlandyrmak baradaky hoş habar ýyldyrym çaltlygynda Türkmenistanyň ähli çäklerine ýaýrady.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň 21-nji dekabrynda geçirilen göçme mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kabul eden Kararyna görä, Ahal welaýatynyň edara ediş merkezini Arkadag şäherine, şeýle-hem Ahal welaýatyň Gökdepe etrabynyň 2370 gektar ýerini täze şäheriň dolandyryş çägine geçirmelidigi, şol etrabyň Kärizek geňeşliginiň Aba Annaýew obasynyň Arkadag şäheriniň çägine goşulmagy bilen bagly wakalar hem göwünlerimizi has-da begendirdi. Göçme mejlisiň dowamynda ýene-de ençeme begendiriji Kararlara gol çekilmegi, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimiziň ruhuny tirsegine galdyrdy. Ol hem Arkadag şäherinde ýerleşdirilen Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine Aba Annaýewiň, Ahal welaýat mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine Berdimuhamet Annaýewiň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine Saçly Dursunowanyň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň, welaýat kitaphanasyna Döwletmämmet Azadynyň, drama teatryna Aman Gulmämmedowyň, ýörite sungat mekdebine Sahy Jepbarowyň, çagalar sungat mekdebine Şükür bagşynyň atlarynyň dakylmagy möhüm we wajypdyr. Taryhda edermenligi, ussatlygy, gaýratlylygy bilen uly yz galdyran şahsyýetlerimiziň atlarynyň täze şäherdäki desgalardyr bilim ojaklaryna dakylmagy şu günki ýaşlarymyzyň milli gahrymanlarymyz hakyndaky taryhy ýatlamalary kalplarynda saklap, olaryň şöhratly ýollaryndan görelde alyp, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşýan şahsy goşantlaryna mydamalyk nusgasydyr. Täze-täze, döwrebap, ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy ýokary döredijilik we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dabaralanýandygynyň anyk we aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýlelik-de, täze 2023-nji ýylyň bosagasynda milli gurluşyk we beýleki hünärmenleriniň halal we ak ýürekden, yhlasly zähmeti esasynda gurlup, bina edilen döwrebap, has oňaýly ýaşaýyş toplumynyň hemme desgalarynda milli binagärlik ýörelgeleri bilen, döwrebap, halkara standartlara laýyklykda, ösen tejribesi bilen has-da baýlaşdyryldy. Şonuň üçin şol ýerde 4 gatly, 3 müň 064 maşgalalara niýetlenen, döwrebap, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň 62-si açylyp, ulanylyşa berildi.
Yhlas Ymamgulyýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň
Geňeşiniň tehniki gözegçisi.