Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AHAL WELAÝATYNYŇ ÇÄKLERINDE GURLAN DURMUŞ MAKSATLY BINALARYŇ DURMUŞDA MÖHÜM ÄHMIÝETLILIGI

Ahal welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binalarynyň, Baýdak sütüniniň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, dürli saglyk we bilim edaralarynyň, söwda we dynç alyş öýleriniň, myhmanhanalarynyň, umumy sany 250-den geçýän döwrebap, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň hemmesi ajaýyp sazlaşygy emele getirýän, türkmen halkynyň gadymy binagär­lik däpleriniň täze, döwrebap keşbini bezeýär.

Arkadag şäherinde gurlan durmuş maksatly binalaryň agramly bölegini bilim edaralarynyň bolup durýandygyny aýratyn bellemek möhüm we zerurdyr.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň düzümine goşuljak halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi, iň täze bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilen umumybilim berýän, orta hünär mekdepleri, çagalar baglary ulgamy ösdürmäge ugrukdyrylan tagallalaryň hemişe döwlet tarapyndan üns merkezinde durýar.

Şu günki günde ençeme mugallymçylyk mekdepleri bilen birlikde, ulgam üçin hünärmenleri taýýarlaýan orta hünärment mekdepleri hereket edýär. Bu orta hünärment mekdepleri üstünlikli tamamlan uçurymlar Türkmenistanyň dürli künjeginde halal we päk ýürekden zähmet çekmek bilen, bilim ulgamynyň ösüşine şahsy goşantlary bardyr.

Arkadag şäherinde mugallymçylyk orta hünär mekdebiniň gurulmagy bu ugurda hereket edýän bilim edaralarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, okatmagyň we terbiýelemegiň usulyýetini döwrebaplaşdyrmakda, olaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrmakda uly ädimler edilýär. Sebäbi, bu ulgamda hereket edýändigine garamazdan, her bir bilim mekdebiniň özboluşly tejribesi, halypaçylyk bilim ojagy, usulyýet esaslary emele gelýär.

Şol mekdepleriň arasynda hyzmatdaşlygyň ösmegi, tejribe alşylmagy bilen mugallymçylyk ylmy has-da kämilleşýär we döwrebaplaşýar.

Ahal welaýatynyň merkezinde ýerleşýän mugallymçylyk orta hünär mekdebine zähmetsöýer we zehinli mugallym, watançy, edermen esger, ynsanperwerlik we adalatlylyk ugrunda gaýduwsyz göreşiji Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy hem ählimizi has-da begendirdi.

Bar ömrüni ýaş nesle sowat öwretmäge bagyş eden, mugallymçylyk kärini ylym we sungat derejesine ýetiren Berdimuhamet Annaýewiň geçen durmuş ýoly, gazanan zähmet üstünlikleri şu ýerde okap bilim aljak geljekki mugallym hünärmenler üçin nusgalyk ýol bolar.

Ýaş nesle sowat öwretmek halkyň bagtyýar geljegini gurmagyň esasy şertleriniň biridir. Şol sebäpli şu ugra ykbalyny baglan adamlar hemişe halk tarapyndan sylaglanypdyr, her bir işde olardan nusga almaga çalşylypdyr.

Ussat mugallym, ilhalar ynsan, halkyň ýagty geljegini ýaş nesliň kämil bilimdir terbiýesinde gören Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy bu ýerde zähmet çekjek ähli mugallymlary we talyplary hemişe döredijilikli,ak ýürekden,halal  işlemäge, okamaga hem-de döretmäge ruhlandyrar.

Türkmenistanyň mugallymçylyk ugurly bilim mekdepleriniň düzümini köpeltjek   döwrebap, has oňaýly bina mugallymçylyk innowasiýalarynyň iň täze gazananlary bilen üpjün edilipdir.

Şeýlelik-de, Arkadagly Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary bilen asuda durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan, bagtyýar halkymyza,  ösüşlerden-ösüşlere barýan gözel Türkmenistana şatlyk-şowhunly toý bolup gelen 2023-nji täze - towşan ýyly, nesip bolsa, köp-köp gowulyklary getirer, düşümli ýyl bolar!

Adamlar hakynda taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza  tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň we mähriban Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, başlary dik, il - ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Rahmandurdy Rahmanow,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.