- TM
- RU
Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlan-dyrmak hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan içeri we daşary syýasatynyň düýp özenini düzýär. Bu işler gurluşyk materiallaryny öndürýän pudaklary çalt depginler bilen ösdürmegiň hasabyna amala aşyrylýar. Şonuň üçin ýurdumyzda senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar.
Daşoguz welaýatynyň çäginde ýurdumyzyň senagat pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan iri kärhanalaryň ençemesi hereket edýär. Şolaryň biri-de Polimer önümleri zawodydyr. Zawodymyzda ýerli gurluşykda giňden ulanylýan dürli ölçegdäki polipropilen hem polietilen turbalaryň öndürilişini artdyrmakda ýokary netijeler gazanylýar. 1988-nji ýyldan bäri hereket edýän zawodymyzyň ýyllyk kuwwaty 1440 tonna bolup, polietilen we polipropilen turbalary, gap-gaçlary öndürýär. Zawodda işçi-hünärmenleriň 100-e golaýy zähmet çekýär. Olar hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullarynda işlemegiň asylly nusgasyny görkezýärlerýär. Kärhanada polimer we kömekgi bölüm hereket edýär. Zawodymyz häzir 16 millimetrden başlap, 315 millimetre çenli ölçegdäki turbalaryň jemi 23 görnüşini öndürýär. Gurulýan dürli maksatly desgalary bina edýänleri ýokary hilli zerur gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmegi baş wezipä öwren zawodymyzyň hünärmenleri “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylymyzy ýokary önümçilik görkezijilerine beslediler.
Işgärlerimize öndürijilikji işlemekleri üçiň ähli amatlyklar, howpsuz iş we oňat dynç alyş şertleri döredilýär. Adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, işçileriň saglygyny goramak maksady bilen, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerde işleýän, betbagtçylykly halatlardan we hünär kesellerinden hökmany şahsy atiýaçlandyrma degişli bolan işgärler ätiýaçlandyrylýar. Köpçülikleýin şertnamanyň esasynda iş beriji öz hususy serişdeleriniň hasabyna döwürleýin lukmançylyk gözegçiliginden geçirýär, amatsyz şertlerde işleýän işgärlere bellenen mukdarda gatyk, tomus aýlary gök çaý, degişli tertipde ýörite geýim, aýakgap, we gorag serişdeleri bilen mugt üpjün edilýär.
“Zähmeti goramak - sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi”, “Berkarar, galkynýan ýurdum – sagdyn zähmetiň mekanyn gurduň” atly şygarlar bilen zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk okuwlary guralýar. Okuwlaryň esasy maksady hem işgärlerimiz üçin amatli iş we dynç alyş şertlerini üpjün etmekde, zähmeti goramagyň, tehniki howpsuzlygyň kadalaryny berjaý ekmekde usuly kömek bermekden, gorag serişdeleriniň maksadalaýyk ulanylyşy barada özara tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Şeýle hem jemgyýetimizde agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmakda, zähmetkeşleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde, tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça alnyp barylýan işlere jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmakda kärdeşler arkalaşyklarynyň alyp barýan işleriniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak barada-da durlup geçilýär.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň ähli derejedäki guramalary Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde öz borjumyza we jogapkärçiligimize çuňňur düşünýäris. Döwletiň öňündäki mukaddes borç ynamy beýgeldýär. Öňde goýlan maksatlara bolsa berk ynam, yhlas bilen ýetilýär. Peder ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän, “Watan diňe halky bilen Watandyr! “Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýýän hormatly Prezidentimize bolan ynam kalbymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümize, mähriban Watanymyza bolan beýik söýgümizi barha artdyrýar.
Kärhanalaryň işine, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna aýratyn berip, döredýän giň mümkinçilikler üçin Arkadagly Serdarymyzyň adyna aýdýan alkyşlarymyz gäksizdir.
Wepa Kakaýew,
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň
“Polimer önümleri” zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.