Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR ÝYLY – BEÝIK YNAM, ULY BUÝSANÇ, MUKADDES BORÇ” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda, anna güni Türkmenistanyň  Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat  işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen   Türkmenistanyň  Gurluşyk we binagärlik ministrligi bilelikde gurnamaklarynda  ýokary derejede we guramaçylykly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly – beýik ynam, uly buýsanç, mukaddes borç” atly  maslahaty  geçirildi.

Şu maslahaty Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy  Meýlis Ataýew alyp bardy. Geçirilen maslahataTürkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat  işgärleriniň  kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow, “Türkmendöwlettaslama” baş döwlet taslama  birleşiginiň Işgärler bölüminiň baş hünärmeni Gülşirin Durdyýewa, Gurluşygyň hiline gözegçilik, zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk müdirliginiň baş  hünärmeni Begenç Nuryýew, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy   boýunça Geňeşiniň esasy hünärmeni Ýazjeren Mawsumowa, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň hünärmeni Hezretmyrat Eýeberdiýew, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Oguljahan Amanklyçewa  dagylar işjeň gatnaşdylar. Olar bu maslahatda 2023-nji ýylyň                            21-nji ýanwarynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly  Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň geçirilendigi, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede mynasyp dowam etdirilýändigi, Gahryman Arkadagymyz, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda demokratik ýörelgelere täze itergi berilýändigi, halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasyny - Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky teklibi munuň aýdyň beýany we anyk subutnamasy bolmak bilen,  ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açýandygy barada täsirli çykyş etdiler.  Mundan başga-da, maslahatda çykyş edenler, biziň halkymyzyň köpasyrlyk taryhyň dowamynda döwlet gurluşynda toplanan baý tejribesini hasaba almak bilen, ata-babalarymyzyň has möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçiligiň ygtyýarly wekilleri bilen ählihalk forumlarynda maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgelerine eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de oňa giň ygtyýarlyklaryň, şol sanda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny hem-de konstitusion kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek meseleleri boýunça tekliplere garamak we makullamak ygtyýarlyklarynyň berilmegi bilen baglylykda, Milli Ge­ňeşiň Halk Maslahatynyň işini bes etmek  teklipleriň ählisi türkmen halky tarapyndan doly goldanylandygy, şeýlelikde, ýurdumyzda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan Türkmenistanyň Milli Ge­ňeşini (parlament) bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmegiň maksadalaýykdygy bellenilendigi barada belläp geçdiler. Şeýle-de, maslahatyň barşynda Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!”, Arkadagly Serdarymyzyň «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly ýörelgeleri her bir raýatyň kalbynda buýsanç duýgusyny döredýändigi we bu başlangyçlar giň goldawa eýe bolandygy, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen şöhratly pederlerimiziň döreden milli däpleri häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilýändigi barada beýan etdiler.

Aýdym-sazly şowhunly bu geçirilen dabaraly maslahaty  sungat we medeniýet ussatlary aýdym-saz bilen bezediler.

Maslahatyň ahyrynda çärä gatnaşyjylaryň ählisi ýurdumyzda beýik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrýan we adamlar barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza we halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Liderine, Gahryman Arkadagymyza çäksiz minnetdarlyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri, mähriban Arkadagymyzyň we döwlet Baştutanymyz, hormatly Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri döwründe amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Ýazjeren Mawsumowa,

 Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Gurluşyk we senagat  işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy

boýunça Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.