Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

RUHUBELENTLIKDE GEÇDI

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatyndan gelip çykýan wezipeleri ilata düşündirmek maksady bilen Bäherden etrabyndaky ýüplük we dokma fabriklerinde wagyz-nesihat maslahatlary geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan guralan maslahatlara agzalan fabriklerde zähmet çekýän işçi-hünärmenler gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli maslahatdaky çuň manyly taryhy çykyşy we onda kabul edilen çözgütleriň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň uly gyzyklanma bilen diňlendi. Çykyş edenler halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň, Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagynyň, şeýle-de Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmeginiň täze taryhy döwrümize şugla saçan ajaýyp waka bolandygyny buýsanç bilen bellediler.

Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen maslahata gatnaşyjylar häzirki eşretli döwrümiziň gadyr-gymmaty barada söz açyp, Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrundaky tagallalara goşant goşjakdygyny uly ynam bilen nygtadylar.

 

Döwran BABANAZAROW,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bäherden etrap birleşmesiniň hünärmeni.

“Ahal durmuşy” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.