Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞ ZEHINLERIŇ BÄSLEŞIGI

Sarahs etrabyndaky 13-nji orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň 26-syndan mekdep içre bäsleşiklerinde tapawutlanan 10-njy, 11-nji synp okuwçylary gatnaşyp, dersleriň 8-si boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler.

Bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda ähmiýetli boldy. 1-nji, 18-nji we 19-njy orta mekdepleriň okuwçylarynyň bu bäsleşige has taýýarlykly gelendikleri aýdyň boldy. Degişli ugurlar boýunça ýeňiji bolan mekdep okuwçylary bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşigiň etrap tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylara etrap bilim bölüminiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň sowgatlary hem-de hormat hatlary gowşuryldy.

 

Azat ÖWEZGURDOW,

Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Sarahs etrap Geňeşiniň başlygy.

“Ahal durmuşy” gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.