- TM
- RU
Ýaş nesiller olaryň sazlaşykly ösüşi we saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, saýlap alan hünärine eýe bolmaklary , ylym we döredijilik, bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny öz içine alýan giň möçberli özgertmeler maksatnamalary yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şunda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň ösüşiniň hem-de rowaçlygynyň binýady bolan ýaşlara möhüm üns berilýär.
Türkmenistanly ýaşlaryň hukuklary we azatlyklary kanun taýdan kepillendirilendir. Ýaşlaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik- syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur bolan amatly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekgi ösüşiň ugurlaryna laýyklykda, bu babatdaky milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak barada degişli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar bilen geçiren taryhy duşuşygy ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhüm ugurlaryna bagyşlandy.
Ýaşlaryň röwşen geljegi üçin bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýat birleşmesiniň başlygy
Hanmuhammet Amangulyýew.