Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ÝAŞLARYMYZA DÖREDILIP BERILÝÄN MÜMKINÇILIKLER

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän 45-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Ahal welaýat Geňeşi bilen bilelikde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýurdumyzyň ýaş  raýatlarynyň döredijilik  hem-de sungatyň dürli ugurlary bilen meşgullanmaklary  üçin-de ajaýyp mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary geljek nesillere geçirmek ýörelgeleri bilen baglanyşyklydyr. Şonuň bilen baglylykda, Diýarymyzda ýaş maşgalalara goldaw bermek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar.

Ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän duşuşyklarda Watanymyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipelere, ylym-bilim ulgamynyň möhüm meselelerine, ýakyn döwrüň içinde esasy üns berilmeli ugurlara aýratyn ähmiýet berilýär.

Garaşsyz baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine, halkara derejedäki abraýynyň ýokarlanmagyna goşant goşmaga gyzyklanmasy ýokary bolan ýaşlaryň işjeň we jogapkärçilikli durmuş ýörelgesi olaryň özleri üçin döwlet tarapyndan edilýän alada mynasyp jogaby bolup durýar.

Biz ýaşlaryň röwşen geljegi üçin bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ýurdumyzyň ýaşlarynyň adyndan köp-köp sag bolsunymyzy aýdýaryn. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri elmydama rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň

Ahal welaýat birleşmesiniň başlygynyň kömekçisi

Gaýgysyz Baýlyýew.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.