- TM
- RU
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňdebaryjy Jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky XIII gurultaýy geçirildi. Bu gurultaýyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilen täze 2023 –nji ýylynda geçirilmegi has hem guwandyryjy wakalaryň biri boldy.
Bilşimiz ýaly 2023-nji täze ýylyň başynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek, şunuň bilen baglylykda, iki palataly Milli Geňeşi bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwürmek baradaky wezipeler maslahatlaşyldy. Bu mejlisde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyndaky möhüm wezipelere garaldy. Jemgyýetimiziň ähli wekilleriniň, ýaşulylaryň aýratyn-da ýaşlaryň gatnaşmagynda il-ýurt bähbitli meselelere garalmagy has-da guwandyryjy boldy. Maslahatda köp ýyllaryň dowamynda öz, öňdengörüjiligi pähim-paýhasy bilen döwletimizi täze ýeňişli sepgitlere ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy –Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň başlyklygyna Milli Liderimiziň saýlanmagy uly syýasy wakalaryň biri boldy.
Türkmenistanyň Jemagat hojalygy müdirligine degişli bolan Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň agzalarynyň arasynda yhlasly zähmet çekýän ýaşlar barada aýdylanda olar özleriniň gündeki çekýän zähmetleri bilen Watanymyzyň berk binýadyny gurmaga, güýç-kuwwatly bolmagy ugrunda ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bag- bakja ekmekde, gül şitillerini ösdürip ýetişdirmekde, olary köçelerimiziň gözelligine gözellik goşup döwrebap usullarda oturdyp, olara hyzmat etmekde öz ussatlyklaryny görkezýärler. Köçelerimiziň arassaçylyk we abadanlaşdyrmak boýunça alyp barylýan işlerinde hem biziň ýaşlarymyz öz halypalaryndan tälim alyp öz hünärlerine ezber çemeleşýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir”, Arkadagly Serdarymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr!” diýen ýörelgeleri esasynda kärdeşler arkalaşyklarynyň ýaş agzalarynyň arasynda halypa- şägirtlik ýoluny ösdürmek we ony durmuşa geçirmek biziň ýaşlarymyzyň asyl ýörelgesi bolup durýar.
Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar“ ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň watansöýüji, Watanymyza, halkymyza, ajaýyp milli däp-dessurlarymyza, ene-ata, ula-kiçä hormat goýýan nesiller bolup, olaryň bilimli, ylymly bolmagy, sport bilen meşgullanmaklary, hünär öwrenmäge höwesli, arassa, halal zähmet çekmäge, ruhubelent ýaşamaga, beden taýdan sagdyn, terbiýeli kämil şahsyýet bolmaklary üçin “Arkadagly Serdaryň dünýä nusgalyk ýörelgesi-bagtyýar ýaşlara görelde” ady bilen kärdeşler arkalaşygynyň ýaş agzalarynyň arasynda wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barar.
Baýsahatowa Gülnara Tejendurdyýewna,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler
arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.