- TM
- RU
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2022-nji ýylyň 18-nji noýabryndaky “Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynda hasabat ýygnaklaryny, konferensiýalaryny geçirmek hakyndaky” Geňeşiň karary esasynda, şu gün Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň mejlisler jaýynda Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň hasabat ýygnagy geçirildi. Bu ýygnaga Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Köwkiýew Ýunus hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Saparowa Oguljeren gatnaşdylar. Ýygnagyň dowamynda 2023-nji “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda işgärleriň bähbitlerini, hukuklaryny, zähmetlerini goramakda Kärdeşler arkalaşygynyň wezipeleri hakynda şeýle hem 2023-nji ýylda ýerine ýetirmeli işler hakynda aýdylyp geçildi. Hasabat döwründe baglaşylan Köpçülikleýin şertnamanyň ýerine ýetirilşi hakynda hem KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Bozaganowa Çemen hasabat berdi. Derňew toparynyň başlygy G.Ataýewa bolsa ilkinji gurama tarapyndan harçlanan girdeji çykdajylar boýunça hasabat berdi, KA-nyň ilkinji guramasynyň gaznaçysy Kuliýewa Maral maliýe işleriniň alynyp barylyşy boýunça hasabat berdi, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň KA-nyň ilkinji guramasynyň hasabaty kanagatlanarly diýilip kabul edildi. Ýygnakda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Taýýarlan Türkmenistanyň Awiasiýa we aragatnaşyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Köwkiýew Ýunus.