- TM
- RU
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Zeminiň parahatlygyny, asudalygyny, halklaryň agzybirligini zybanynda sena edýän halkymyzyň milli ýörelgeleri, medeni gymmatlyklary has-da ösdürilýär. Ýurdumyzyň daşary syýasatynda doganlyk ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklar, özara bähbitli, köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar giň gerime eýe bolup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandyrylýar, berkarar döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine çykýar.
Üstümizdäki ýylyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bedew batly ösüşleri bilen okgunly öňe barýan ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Ol baky berkarar Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilýän uly ynamdyr. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän her bir tutumly işi dünýäde agzybirligi, parahatçylygy berkitmek hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir. Şeýle asylly maksatlara ýetmekde hormatly Prezidentimiziň bildirýän belent ynamyny ödemek parzdyr.
Goý, halkymyzy bagtyýar geljege alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Nurmyrat HÖWEZOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Etrek etrap birleşmesiniň başlygy.
“Balkan” gazeti.