- TM
- RU
2023-nji ýylyň 3-nji fewralynda, anna güni Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilelikde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda “Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerinde beýan edilýän ahlak ýörelgeleriniň ähmiýeti we gymmatlylygy” atly maslahaty geçirildi.
Şu maslahaty Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň baş hünärmeni Maral Durdyýewa alyp bardy. Bu maslahat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň we döwrümiziň Beýik şahsyýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň jemgyýetimiziň arassa, halal, päk ýürekden işlemek, maşgala abadançylygyny gorap saklamak, erbet gylyk häsiýetlerden daşda durmak barada aýdýan öwüt-ündewlerini wagyz-nesihat etmek we giňişleýin düşündirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilelikde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň gurnamagynda ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Bu geçirilen maslahata Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner, zähmet weterany Erkin Kösäýew, mehrem ene, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, 165-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Oraztäç Nuryýewa, “Aşgabat” gazetiniň jogapkär kätibi Jennet Paşşykowa, Esaslandyryjysy – Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Türkmenistanyň senagaty» ylmy-tehniki žurnalynyň redaktory Abdylhalyk Jumadow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň hünärmeni Hojanepes Orazow dagylar hem-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarynyň jogapkär wekilleri, şeýle-de kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzalary gatnaşyp, olar geçirilen bu maslahatyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň we döwrümiziň Beýik şahsyýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri,Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň jemgyýetimiziň arassa, halal, päk ýürekden işlemek, maşgala abadançylygyny gorap saklamak, erbet gylyk häsiýetlerden daşda durmak barada aýdýan öwüt-ündewlerini wagyz-nesihat edip, bular boýunça giňişleýin düşündirdiler we gyzykly hem-de täsirli çykyşlar etdiler. Bu dabaraly, ýokary derejede we guramaçylykly geçirilen maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “TV-4: Türkmenistan” we “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgylar edildi.
Maslahatyň ahyrynda çärä gatnaşanlaryň ählisi Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik pudagynyň işiniň has-da kämilleşdirilmegi we onuň düýpli ösdürilmegi üçin ähli zerur şertleri hem-de mümkinçilikleri döredýän we her bir adam hem-de her bir raýat hakynda taýsyz tagallalary hem-de ýadawsyz aladalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman we mähriban Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy we bimöçber hoşallyklaryny aýtdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Berdimuhamedowyň we döwrümiziň Beýik şahsyýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman we mähriban Arkadagymyz, hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Baýram GURTMYRADOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň Maglumat,seljeriş we
halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.