- TM
- RU
2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda, penşenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikdäki gurnamaklarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki geçirilen mejlisi mynasybetli «Türkmenistanyň Halk Maslahaty–rowaç geljegiň binýady» atly maslahaty geçirildi.
Şu maslahaty Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy Maksatmyrat Jumaýew alyp bardy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy Aýşat Göjenowa, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy barlag tebigy gaz institutynyň Gaz çykaryş tehnologiýalary laboratoriýasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň zähmeti goraýyş we tehniki howpsuzlygy boýunça esasy hünärmeni Baýramgül Italmazowa, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň Geologiýa maglumatlar merkeziniň Guýy maglumatlar toparynyň başlygy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň agzasy Arslan Annamyradow we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiniň başlygy Rahmandurdy Rahmanow dagylar gatnaşdylar.
Çykyş edenler maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň ygtyýarlyklary hem-de türkmen halkynyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara alyp, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, möhüm we wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy - “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilendigi hem-de bu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilendigi barada täsirli we gyzykly beýan etdiler. Maslahata gatnaşanlaryň ählisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik, taryhy işleri we konstitusion özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirýän, taýsyz tagallalary hem-de ýadawsyz aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza we döwrümiziň Beýik şahsyýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Berdimuhamedowyň we döwrümiziň Beýik şahsyýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman we mähriban Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” hem-de “Aşgabat” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edildi.
Begenç AK, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat,seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň baş hünärmeni.