Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AWAZA – IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ MEKANY

Ýur­du­my­zyň gö­zel kün­je­gi bo­lan Awa­za­nyň dur­mu­şy he­mişe dür­li çä­re­le­re, baý­ram­çy­lyk­la­ra, iş­jeň du­şu­şyk­la­ra bes­len­ýär. Bu çä­re­ler her bir ugur­da tej­ri­be­le­riň art­ma­gyn­da uly iter­gi ber­ýär. Şeý­le mak­sat bi­len bu ýer­de 14-nji few­ral­da Türk­me­nista­nyň Gur­lu­şyk we se­na­gat iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gynyň Türk­me­nis­ta­nyň Söw­da we te­le­ke­çi­lik ug­ru­nyň iş­gär­le­ri­niň Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Aw­tou­lag­lar we ýol ho­ja­lyk iş­gär­le­ri­niň ar­ka­la­şy­gy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da okuw mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy.

Kärdeşler arkalaşyklarynyň hukuklarynyň we işiniň kepillikleri, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda Kärdeşler arkalaşyklarynyň gündelik işinde ýüze çykýan sowallara jogap bermek, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen pähimi şygar edinip, Kärdeşler arkalaşyklarynda döwrebap edilmeli işler barada maslahata gatnaşyjylar bilen sorag-jogap alyşmak okuw maslahatynyň esasyny düzdi. Okuw maslahatynda dürli çykyşlara orun berildi. Çykyşlarda zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk çäreleriniň geçirilişi, guramalarda iş nomenklaturalary we iş dolandyryjylygy alyp barmak, zähmetkeş zenan agzalarynyň arasynda türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak, ýaş nesillerde milliruhy gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň ähmiýeti dogrusynda degerli pikirler beýan edildi. Beýik ösüşlere beslenýän döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler we Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň wezipeleri dogrusynda «Tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlikler hem okuwa maslahatynyň täsirini artdyrdy. Okuw maslahatynyň geçýän günlerinde gojaman Hazaryň tylla kenaryna gezelençler guralyp, ugurdaşlykda sportuň küşt, şaşka, basketbol, tanap çekmek, uzak aralyga ylgamak ýaly görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Okuw maslahatyna gatnaşyjylar pudaklarda Kärdeşler arkalaşygynyň işini kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Döwrangeldi HOJAMGULYÝEW, Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.