Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

«BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ GALKYNYŞY DÖWRÜNDE, KÄRDEŞLER ARKALAŞYGYNYŇ DÖWREBAP WEZIPELERI» ATLY OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 2022-nji ýylyň 29-njy dekabrynda çykaran 18-105g belgili karary esasynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 13-18-nji fewralynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän TKAMM-yň “Daýanç” sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Kärdeşler arkalaşygynyň döwrebap wezipeleri» atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda edilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ähli tarapdan ösdürmekde alyp barýan beýik işlerini, millilik, halallyk, sagdyn bedenli, päk ýürekli watansöýüji ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Hormatly Prezidentimiziň kärdeşler arkalaşygynyň öňünde goýan anyk tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde alnyp barylýan işler we Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň ähmiýetleri barada giňişleýin bellenilip geçildi. Şeýle-de okuw maslahatyň dowamynda Pudaklara degişli ilkinji guramalarda işleriň ýola goýluşy, agzalyk tölegleriniň toplanylyşy, olaryň talabalaýyk harçlanyşy, iş resminamalaryň ýöredilişi bilen tanyşmak, tehniki we ýangyn howpsuzlyk barada wagyz-ündew işlerini geçirmek we howpsuz zähmete bolan talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekde alnyp barylýan işler barada giňişleýin gürrüňler edildi. Okuw maslahatynda Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Maliýe-ykdysady bölüminiň baş buhgalteri K.Bugraýewiň, esasy hünärmeni Ş.Akmedowyň şeýle-de Türkmenistanyň Hyzmat ulgamynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň tehniki gözegçisi A.Ýollyýewiň hem-de TKA-nyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäher birleşmesiniň hukuk gözegçisi A.Awanesýanyň, Geňeş agzalaryň, işjeň agzalaryň çykyşlary gurnaldy we sorag-jogaplar arkaly özara pikir alyşmalar boldy. Okuw maslahatyna gatnaşýan pudaklaryň agzalarynyň arasynda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň döredilmegi mynasybetli “Türkmen demokratiýasy kämillik ýolunda” atly maslahat geçirildi.

Okuw maslahatynyň dowamynda pudaklaryň gurnamagynda zähmetkeş zenan agzalarymyzyň arasynda türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak we hormatlamak boýunça ýurdumyzda maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, ýetilen sepgitler dogrusynda, eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesillerimizde milli ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, olarda watançylyk duýgularyny kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrylyşy boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Mundan başga-da maslahata gatnaşýan agzalaryň arasynda sportuň kiçi futbol, tanap çekmek, küşt-şaşka, woleýbol görnüşleri boýunça bäsleşikler şeýle-de Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerine awtobusly gezelenç gurnaldy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de pudaklar tarapyndan ýörite taýýarlanylan usuly gollanma hökmünde maslahata gatnaşyjylara fleşka ýazylan görnüşinde elektron resminamalar toplumyny ilkinji guramalara berildi. Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi tarapyndan gurnalan okuw-maslahaty hem-de onuň çäklerinde geçirilen dürli görnüşli medeni we sport çäreler, tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlikler, interwýular “Altyn asyr, “Türkmenistan” teleýaýlymlarynda “Türkmeniň ýüpek ýoly”, “Biznes reklama” gazetlerinde hem-de “Watan” radioýaýlymynda giňişleýin beýan edildi. Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Awtoulaglar we ýol hojalyk işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň ähli işjeň agzalarynyň adyndan Arkadagly Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyza “Daýanç” sagaldyş merkezinde okuw maslahatyny geçirmäge döredip beren mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys we degişli wagyz - nesihat çärelerini, zähmetkeş agzalarymyzyň kanuny hukuklaryny goramakda, howpsuz zähmet şertleriniň döredilmegine hemişe gözegçilik etmek ugrunda mynasyp işleri ýerine ýetirjekdigimizi, pudagyň zähmetkeş agzalarynyň arasynda agzybirligi, jebisligi saklamakda-da giň göwrümli işleri amala aşyrjakdygymyz barada ynandyrýarys.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde özgertmeleri geçirilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakynda taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyza we mähriban Arkadagymyza çäksiz minnetdarlyklarymyzy bildirýäris.

Milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak,başlarynyň dik, ýurdumyzda beýik we taryhy özgertmeleriniň amala aşyrylýan döwründe ähli durmuşa geçirilýän işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

 Rahmandurdy Rahmanow,

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.