Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ZENAN KALBYNDAN ÇYKAN GÖZELLIK” ATLY MASLAHATY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda, penşenbe Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Mejlisler zalynda Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň ilkinji zenanlar guramasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilelikdäki gurnamaklarynda Zenan kalbyndan çykan gözellik atly maslahaty geçirildi.

“Zenan kalbyndan çykan gözellik” atly bu maslahaty “Türkmendöwlettaslama” baş döwlet taslama birleşiginiň alyp baryjy hünärmeni, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy we kardeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Enejan Mämmedowa alyp bardy. Bu maslahat 2023-nji «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaslar ýylynda» milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep terbiýäni, maşgala mukaddesligini, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we  sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, ýokary derejede we guramaçylykly geçirildi. Maslahata Myrat Garyýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Annagözel Çaryýewa, “Türkmendöwlettaslama” baş döwlet taslama birleşiginiň işgärler bölüminiň baş hünärmeni Gülşirin Durdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň döwlet kitaphanasynyň 2-nji derejeli кitaphanaçуsy, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy, Bibigözel Mämmedowa, Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgarleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň  esasy hünärmeni Ýazjeren Mawsumowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri  Näzik Ataýewa, Aşgabat şäheriniň orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Oguljaljan Amankakaýewa hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň beýleki jogapkär wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda milliligimiz, däp-dessurlarymyz, edep terbiýesi, maşgala mukaddesligi,  ruhy-ahlak gymmatlyklary we  sagdyn-durmuş ýörelgeleri  dogrysynda täsirli we gyzykly çykyşlar edildi.

Maslahatyň ahyrynda gatnaşanlaryň ählisi adamlar hakynda taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary edýän hem-de ählimize päk ýürekden, öz başarnyklaryna, alan bilimlerine görä, halal we netijeli işlemäge, şeý­le giň müm­kin­çi­likle­ri we döw­re­bap şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän hormatly Prezidentimiz, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za we milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za çäksiz minnetdarlyklaryny we öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň janlarynyň sag­, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, döwlet we il-ýurt ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny ar­zuw etdiler.            

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Aşgabat” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

Ýazjeren Mawsumowa,

Türkmenistanyň Gurluşyk we senagat işgärleriniň 

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.