Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

AGZYBIRLIKLI ZÄHMETE MYNASYP GOŞANT

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmak, ýerli çig maldan taýýarlanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşlerini köpeltmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleriň öndürilişini artdyrmak ýaly wajyp wezipeler üstünlikli çözülýär.

Göwünleri galkyndyrýan şeýle guwandyryjy ösüşler, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky maslahatynda kabul edilen möhüm çözgütler barada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň “Demirbetonönümleri” zawodynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň hasabat ýygnagynda joşgunly çykyşlar diňlenildi. Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan zawodymyzyň  2015-nji ýylda durky täzelendi, häzirkizaman innowasion enjamlar ornadyldy. Şonuň netijesinde dünýä ülňülerine   gabat gelýän, gurluşykda ulanylýan demir-beton önümleri öndürilip başlandy.  Önümçilik kuwwaty ýylda 50 müň kub metr gurnama demir- beton önümleri bolan zawodda häzirki wagtda guwandyryjy netijeler gazanylýar. Berkarar döwletimiziň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda kärhana önüm öndürmek boýunça meýilnamany 114,3 göterim, gurluşyk-gurnama işleri boýynça bellenen meýilnamany bolsa 132,9 göterim ýerine ýetirdi.

Şeýle hem hasabatda kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işgärleriň öndürijilikji işlemekleri üçiň ähli amatlyklaryň, howpsuz iş we oňat dynç alyş şertleriniň döredilmegi üçin degişli işleri alyp barýandygy, işgärleriň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak babatda şertleriň üpjün edilmegi üçin ähli tagallakary edýändigi, öňdebaryjy işgärleriň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan höweslendirilýändigi bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Daşoguz şäherinde gurluşygy alnyp barylýan täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynda zawodyň işgärleri üçin 2 sany, 4 gatly, 3 girelgeli, 24 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň gurulýandygy hasabatda buýsanç bilen aýdyldy.  Bu işleriň ählisi agzybirlikde  sazlaşykly hereket edilende üstünlikli amala aşyrylýandygy, Hormatly Prezidentimiziň ýurduň syýasy partiýalaryna, jemgyýetçilik guramalaryna bildirýän şeýle uly ynamy, işlemek üçin döredip berýän şertleri bizi mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmegiň, türkmen halkynyň ösen şertlerde ýaşamagyny gazanmagyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän agzybirlikli zähmete goşant goşmak ugrunda döredijilikli zähmet çekmäge borçly edýär – diýip, hasabat ýygnakda çykyş edenler bellediler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zähmet adamsy hakda edilýän aladalara göwni galkynan  işçi-hünärmenlerimiz  2023-nji - “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar”  ýylyny ýokary önümçilik görkezijilere beslemegi belent maksat edinýärler. Goý, Hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, nurana ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!                                                                          

 

Göwher Sabirowa,

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň                                                    

Daşoguz şäheriniň “Demirbetonönümleri” zawodynyň

kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.