- TM
- RU
Geçen hepdäniň çarşenbe güni paýtagtymyzdaky «Altyn» toý mekanynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň yglan eden «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýän, bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlarynda üstünlikli çykyş eden gelin-gyzlar gatnaşdy.
Bäsleşige gatnaşan zenanlar öz alyp barýan işine we jemgyýetde tutýan ornuna laýyklykda ýedi ugur boýunça ýaryşyp, «Ýylyň işewür zenany», «Ýylyň çeper elli zenany», «Ýylyň sungatda işjeň zenany», «Ýylyň mährem zenany», «Ýylyň watançy zenany», «Ýylyň öňdebaryjy oba zenany», «Ýylyň telekeçi zenany» diýen atlara mynasyp bolmak üçin öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Elbetde, bäsleşikde ökdeler öňe saýlanýar. «Kim ýeňiji bolarka?» diýen sowalyň jogaby bilen gyzyklanýanlaryň garaşýan pursady-da gelip ýetdi. Ýeňijiler yglan edildi. Hödürlenen şertler boýunça üstünlikli çykyş edip, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 1-nji saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Amandursun Orazmuhammedowa, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy Habiba Hojanyýazowa, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Gülaýym Gurdowa, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň Harby talyplar batalýonynyň aýratyn harby talyplar rotasynyň serkerdesi Tawus Tagandurdyýewa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Sähra geňeşliginiň arçyny Ogulbibi Dädäýewa, Aşgabat şäherindäki «Zybagözel Milli modalar öýüniň» tikinçisi Zybagözel Hydyrgulyýewa birinji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Hormat haty we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Biz bäsleşigiň ýeňijilerini tüýs ýürekden gutlaýarys, işlerinde täze-täze üstünlikleri arzuw edýäris.
Ine, şeýle bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýänleriň arasynda bilim ugrundan zähmet çekýänleriň hem bardygy has-da buýsandyrýar. Biz bu bäsleşikde ýeňiji bolan bilim işgärleriniň käbiriniň ýürek sözüni okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.
Habiba HOJANYÝAZOWA,
Şabat etrabyndaky 26-njy orta mekdebiň mugallymy, «Ýylyň çeper elli zenany»:
— Gülleýän, gül açýan eziz Diýarymyzda jebisligi, asudalygy özüne hemişelik hemra edinen halkymyz aýdyň ýol bilen barha öňe barýar. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli ýaşamaga, döredijilikli işlemäge, sagdyn we ruhubelent ömür sürmäge ähli mümkinçilikleri döredýär.
Ýaş nesle bilim bermekde sapaklaryň netijeliligini gazanmak esasy işlerimiň biri bolup durýar. Men mugallymçylyk işimden daşary sungat bilen meşgullanýaryn. Küýzegärçilik sungatynyň inçe tilsimlerini, çylşyrymly öwrümlerini ýaşlykdan ürç edip öwrendim. Meniň tebigy zehinimi açmaga kakam «Türkmenistanyň halk ussasy» Bagtyýar Hojanyýazow ýakyndan goldaw berdi. Meniň ezber küýzegär bolup ýetişmegime maşgalamyzda ýasalan küýzeler uly täsir etdi. Men bu inçe sungatyň gelip çykyşyny we onuň dünýä ýaýraýşyny öwrenýärin.
Döredijilik meýdany — çäksiz umman. Men şol ummanda düýpli gözlegleri alyp bardym. Türkmeniň öý hojalyk esbaplary maňa aýratyn ýarady. Men ozalky nusgalara döwrüň täze öwüşginini berip, düýbünden täze görnüşli, nepis syrçaly esbaplary ýasamaga ymykly girişdim.
Ajap ANNAMANOWA,
Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy, «Ýylyň sungatda işjeň zenany»:
— Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyndaky özgertmeleri ösüşiň täze basgançaklaryna çykardy. Bu ulgamy döwrebap derejede ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi.
Men zähmet çekýän mekdebimizde ýaş nesle şekillendiriş we milli çeperçilik sungatynyň taryhy dersinden bilim berýärin. Mekdebimizde zehin başarnygyma görä, suw kädisinden dürli gap-gaçlary ýasamagy hem-de bezeg işlerini öwredýärin.
Eziz Diýarymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen bäsleşikde hormatly ada eýe bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Zähmete höwesi artdyrýan, ruhuňy göterýän sylag-hormata mynasyp bolandygym üçin ylym-bilim almaga, döredijilik bilen meşgullanmaga giň ýol açan Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanjymy beýan edýärin. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gülaýym GURDOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy, «Ýylyň mährem zenany»:
— Men sapak guranymda, hususan-da, talyplaryň iňlis dilinde sözleýşiniň labyzlylygyny kämilleşdirmek üçin olaryň maglumatlary öwreniş, özleşdiriş derejesini ýokarlandyrmaga degişli ýumuşlary ulanýaryn. Geçilen sapaklaryň netijesinde talyplaryň dogry, arassa we labyzly sözleýiş başarnyklaryna görä dürli ýordumlardaky tekstleri okatdyrmak arkaly alan bilimlerini bahalandyrýaryn. Häzirki wagtda talyplaryň saýlap alan hünärine degişli temalar boýunça degişli dil aragatnaşygyndaky endikleri ösdürmekde we ylmy çekişmeleri guramakda okuw döwründe sözleýiş äheňini kämilleşdirmegiň usullaryny öwredýärin. Men «Ýylyň mährem zenany» adyny alan sekiz çagaly ene. Mugallymçylyk kärimden daşary çagalarymy sportuň dürli görnüşlerine ugrukdyrýaryn.
Hawa, adamyň aňynda müdimilik galýan pursatlar bolýar. Şeýle ýakymly ýatlama durmuşyň hemişelik hemrasy bolup hakydaňa ornaýar. Berkarar döwletimizde halkymyzyň her gününi şeýle pursatlar bezeýär. Şoňa görä-de, agzybir bolup, eşretli şu günümiz, ýagty ertirlerimiz üçin zähmet çekmek her birimiziň öňümizdäki mukaddes borç bolup durýar. Biz şol borjy berjaý etmek üçin geljekde-de döredijilikli zähmet çekeris.
Altyngül GARAÝEWA,
«Mugallymlar gazeti».