Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

GOJAMAN TARYHYŇ AÝNASY

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginden, Demirýolçularyň Kärdeşler Arkalaşygyndan, «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasyndan, «Türkmendemirýoltaslama» taslama düzüşagtaryş institutynda zähmet çekýän hünärmenler, Aşgabat şäherindäki Demir ýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde bilim alýan talyplar hemde mugallymlar, «Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň redaksiýasynyň işgärleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Döwlet medenýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan ekskursiýalardyr göçme sergilere gatnaşdylar. Taryhy we arheologiýa, Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýinde hem-de Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýindäki gadymy gymmatlyklar — ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Elbetde, ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlyklary bilen raýatlarymyzy tanyşdyrmakda hem-de wagyz etmekde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda muzeýde guralýan täsirli we gyzykly düşündirişli ekskursiýalardyr göçme sergiler oňa gatnaşýanlarda çuňňur gyzyklanmalary döredýär. Şeýle gyzyklanmalar ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde hem-de ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklara bolan çuňňur hormaty ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.

Her bir gadymy gymmatlyk gojaman taryhymyzyň aýnasydyr. Olary öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri çäksizdir. Goý, hemişe ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy öwrenmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Sähragül POLAÝEWA,

«Türkmeniň ýüpek ýoly» gazetiniň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.