- TM
- RU
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ähli pudaklarda-ykdysadyýetde, bilimde, ylymda, saglygy goraýyşda, senagatda, oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, medeniýetde, mahlasy her bir ugurda belent sepgitli ýoluny dünýä äşgär edýär. Bu üstünlikler Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerine eýerýän döwlet syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň şöhlelenmesidir.
Pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň gelmegi bilen daş töwerek bagy-bossanlyga öwrülip, Diýarymyzyň gözelligine has-da gözellik goşdy. Bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatda täzeleniş duýulýar. Baglar pyntyklap daglaryň garlary ereýär, çeşmeleriň suwy dolup akýar, toprak al-ýaşyl donuna bürenýär. Tebigatyň jana tenekar mylaýym howasyndan dem alanyňda kalbyň durlanyp ynsanyň durmuşuna gözellik goşýar. Bu ajaýyp paslyň gelmegi Türkmen halkynyň galyberse-de bütin gündogar halklarynyň gadymdan gelýän Milli baýramy bolan Nowruz baýramy bellenilýär. Aslynda Nowruz sözi pars sözi bolup «Nowruz» «täze gün» diýen manyny aňladýar. Nowruz diňe baýramçylyk bolman eýsem halkymyza ata-babalarymyzdan bize ýetip gelen taryhy gymmatlykdyr. Nowruz baýramy ýurdumyzda galybersede dünýäniň ençeme döwletlerinde uly şatlyk şowhun bilen bellenilýär.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy, baý medeni mirasy, ruhy däpleri özünde jemleýän Milli bahar baýramy mynasybetli Babadaýhan etrap häkimliginiň, Babadaýhan etrabynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda “Bäş welaýat-bäş dogan bir saçakda jem boldy, Jeýhun-Hazar arasy müşgi-anbar gül boldy” atly aýdym sazly baýarmçylyk dabarasy geçirildi. Dabara etrabymyzyň medeniýet sungat ussatlary gatnaşdy. Dabarada ýaňlanan aýdym sazlar dabara gatnaşanlaryň ruhyny has-da ruhlandyrdy. Nowruzyň esasy tagamy bolan semeni hemde türkmen halkynyň beýleki milli tagamlary taýýarlanyp giňden saçak ýazyldy.
Dabara gatnaşanlar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzy Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläkde rowaçlyk arzuw etdiler.
Gurtgylyç BEKIÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň
Babadaýhan etrap birleşmesiniň başlygy.