- TM
- RU
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň, Ahal welaýat Medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap birleşmesi bilen bilelikde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli “Beýik ösüşlerden gülleýär diýar” atly Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Gökdepe milli muzeýinde “Türkmen aýna önümleri” kärhanasynda zähmet çekýän işjeň agzalaryň we ýaşlaryň arasynda gezelenç hem-de wagyz nesihat çäresi geçirildi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň belent ruhuny özüne siňdiren çärede ýaşlar kärhanada alyp barýan işleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Ýürek buýsançlaryny ajaýyp döwrümizi wasp edip teleýaýlymyň üsti bilen ildeşlerimize ýetirdiler. Çäre gatnaşan Kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalaryna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Ahal welaýat
birleşmesiniň utgaşdyryjysy
Kerwenmyrat Babaýew.