Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

ZÄHMET HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BARADA OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI

“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň KA-nyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň, Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 116-njy orta mekdebinde 2023-nji ýylyň fewral-iýun aýlarynda zähmeti goramagyň we tehniki howpsuzlygynyň kanuna laýyk berjaý edilişi, şeýle hem betbagtçylyk hadysalaryň öňüni almak hem-de usuly kömek bermek boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahaty  Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Aşgabat şäher Geňeşiniň başlygy Maýa Çaryýewa alyp bardy we duşuşygyň dowamynda KA-nyň agzalarynyň durmuş-zähmet hukuklaryny goramak bölüminiň tehniki gözegçisi Tawus Sähetmyradowa, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Täzegül Orazowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we tebigaty goramak kafedrasynyň mugallymy Jennet Hudaýnazarowa çykyş etdiler. Täsirli geçen maslahatda çykyş eden myhmanlar Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşyna gönükdirilendigi, eziz Diýarymyzyň çäklerinde ýaşaýan her bir raýatyň edaralarda, kärhanalarda rahat we howpsuz zähmet çekmegi üçin birnäçe işleriň alnyp barylýandygy, edara-kärhanalarda zähmeti goramak we önümçilikde betbagtçylyk hadysalaryň öňüni almak maksady bilen ýurdumyzda birnäçe kanunlar kabul edilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Duşuşygyň dowamynda Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, raýatlarymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen täze has belent wezipeleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi barada nygtalyp, maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy beýik geljegimize tarap ynamly öňe alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlarynyň belent, alyp barýan giň möçberli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

 

Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň

KA-nyň Geňeşiniň esasy hünärmeni, Täzegül Orazowa.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.