Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

SYÝASY-JEMGYÝETÇILIK MÖHÜM ÇÄRESINE TAÝÝARLYK IŞLERIŇ GEÇIRILMEGI DOWAM EDÝÄR

Demokratik, hukuk we dünýewi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek işlerine we möwsümine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň jogapkär işgärleri we kärdeşler arkalaşyklarynyň  ilkinji guramalarynyň işjeň agzalary hem işjeň gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlarda we sala salşyklarda öz erk-islegini erkin beýan etmegini üpjün edýän kepillikleri belleýän saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna la­ýyk­lyk­da, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň jogapkär işgärleri we kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň işjeň agzalarynyň äh­li ýer­ler­de saý­law­la­ra taý­ýar­lyk çä­rele­rine gatnaşmaklygy do­wam ed­ýärler. 

Ählimize mälim bolşy ýaly, nobatdaky saýlawlaryň jemgyýetimizde milli demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi esasy maksat bolup durýar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň Saýlaw ulgamynyň esaslary 1-nji maddasynyň 1-4-nji böleklerine görä, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we sala salşyklar gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugynyň esasynda geçirilýär.

Saýlawlar bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär.

Sala salşyk (halkyň ses bermegi) - munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermek arkaly döwlet häkimiýetini amala aşyrmaga gös-göni gatnaşmagynyň bir görnüşidir.

Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleri çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilýär.

Saýlaw we sala salşyk möwsümi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri we sala salşyklara meseleleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýar.

Saý­law­la­ryň dowamyn­da mil­li Par­la­men­tiň de­pu­tat­ly­gy­na, we­kil­çi­lik­li ýer­li   hä­ki­mi­ýet we ýer­li öz-özü­ňi do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na da­laş­gär­ler, ola­ryň yna­ny­lan we­kil­le­ri saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry ge­çir­ýär­ler.

Saýlaw­çy­lar da­laş­gär­le­riň hü­när we gu­ra­ma­çy­lyk ba­şar­nyk­la­ry, ola­ryň saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­daky mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­sy ugur­la­ry bi­len ta­nyş­ýar­lar.

Maksat­na­ma­lar­da beýan edil­ýän me­ýil­na­ma­la­ryň esa­sy ma­ny-maz­mu­ny    Türk­me­nis­ta­nyň ösü­şi­ni­ hem-de­ aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek­den, türk­men   hal­ky­nyň dur­muş de­re­je­si­ni mun­dan beý­läk-de ýo­kar­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr.

Ýur­du­my­zy has ýo­ka­ry depgin­ler bi­len ös­dür­mek ba­ra­da­ky gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip ge­çi­ril­ýän söh­bet­deş­lik­le­riň bar­şyn­da dalaş­gär­ler saý­law­çy­la­ryň so­walla­ry­na jo­gap ber­ýär­ler, öz­le­ri­niň saý­law­la­ryň öň ýa­nyn­da­ky maksat­na­ma­la­ry­nyň kä­bir   ugur­lary­ny anyk­laş­dyr­ýar­lar.

 Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow ta­rapyn­dan üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mak­sat­nama­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek üçin bi­lim­le­ri­ni, ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny, tej­ri­be­si­ni we ta­gal­la­la­ry­ny gaý­gyrma­jak­dyk­la­ry­na ynan­dyr­ýar­lar.

  Bel­li­ge al­nan da­laş­gär­le­riň ähli­si­ne mil­li saý­law ka­nun­çy­ly­gy­na hem-de hal­ka­ra  hu­ku­gyň ka­da­lary­na la­ýyk­lyk­da, saý­law­çy­lar bi­len du­şu­şyk­la­ry gu­ra­mak üçin deň hukuk­lar we müm­kin­çi­lik­ler be­ril­ýär.

Mil­li Par­la­ment­de, ýer­li do­lan­dy­ryş, hä­ki­mi­ýet eda­ra­la­ryn­da öz ok­rugla­ry­na we­kil­çi­lik et­mä­ge hu­kuk ga­zan­mak ug­run­da il­deş­le­ri­mi­ziň uly hor­ma­ty­na we yna­my­na myna­syp bo­lan ra­ýat­la­ryň da­laş­gär­lik ed­ýän­dik­le­ri­ni aýratyn bel­le­mek zerurdyr.

Hä­zir­ki wagt­da mer­ke­zi we ýer­li met­bu­gat­da bel­li­ge al­nan da­laşgär­le­riň sa­na­wy çap edil­di, ola­ryň mil­li te­le­wi­de­ni­ýe­dä­ki çy­kyş­la­ry baş­lan­dy.

Aýratyn bellemeli zat, tu­tuş ýur­du­myz bo­ýun­ça da­laş­gär­le­riň 14872-si hö­dür­len­di we bel­li­ge alyn­dy. Olar­dan mil­li Par­la­men­tiň de­pu­tat­ly­gy­na 258 da­laş­gär,   wela­ýat­la­ryň we Aş­ga­bat şä­he­ri­niň halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na 515 da­laş­gär, et­rap­la­ryň we şä­herle­riň halk mas­la­hat­la­ry­nyň ag­za­lygy­na 2001 da­laş­gär,     Ge­ňeş­le­riň ag­za­ly­gy­na 12098 da­laş­gär bar. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da yk­dy­sa­dy­ýe­timi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­dan ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­ler, dür­li hü­när­le­riň we­kil­le­ri bar. Äh­li   da­laş­gär­ler er­kin we deň­hu­kuk­ly esas­da hö­dür­le­nip, ola­ry hö­dür­le­mek we bel­li­ge al­mak iş­le­ri mil­li ka­nun­çy­ly­gyň ta­lap­la­ryna la­ýyk­lyk­da, açyk­lyk hä­si­ýe­ti­ne eýe  bol­dy. Äh­li ok­rug­lar­da bir or­na 2-3 da­laş­gär hö­dür­len­di.

Mu­nuň özi Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­, hor­mat­ly Ser­dar Berdimuhamedowyň   saý­law­la­ry ge­çir­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de kes­git­län bäs­deş­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne laýyk gel­ýär.

Saý­law­la­ra Türkmenistanyň De­mok­ra­tik par­ti­ýa­dan 6241, Türkmenistanyň   Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­syn­dan 523, Türkmenistanyň Agrar      par­ti­ýa­syn­dan 3576, ra­ýat­lar topa­ryn­dan 4532 da­laş­gär gör­ke­zil­di.

Saý­law­la­ra taý­ýar­lyk gör­mek çä­re­le­ri ýur­du­my­zyň köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş    se­riş­de­le­rin­de giň­den be­ýan edil­ýär,saý­law­çy­la­ryň hukuk­la­ry ba­ra­da ýö­ri­te   gep­le­şik­ler taý­ýar­la­nyl­ýar, bu sy­ýa­sy çä­rä taýýar­lyk gör­mek ba­bat­da düz­gün­le­ri dü­şün­dir­mek iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar.

Saýlawlaryň geçişine GDA-nyň syn­çy­lar to­pa­ry syn eder. Onuň düzü­mi­ne     Ar­ka­la­şy­ga ag­za döw­let­le­riň we­kil­le­ri­-­par­la­men­ta­ri­ler, gör­nük­li jem­gy­ýet­çi­lik   iş­gär­le­ri, dip­lo­mat­lar, GDA ag­za ýurt­la­ryň Par­la­men­ta­ra As­samb­le­ýa­sy­nyň,     Be­la­ru­s Respublikasynyň we Rus­si­ýa Federasiýasynyň par­la­ment ýyg­na­gy­nyň  we­kil­le­ri, GDA-nyň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji komi­te­ti­niň iş­gär­le­ri gi­ri­zi­ler.

Nobatdaky geçirilýän şu saý­law möw­sü­mi mö­hüm sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik   çäre­dir. Ol de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­ri gi­ňelt­mä­ge, sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik öz­gert­me­le­ri çuň­laş­dyr­ma­ga, ha­kyky halk hä­ki­mi­ýet­li­lik tag­lym­la­ry­ny ber­ka­rar et­mek ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýan ýur­du­myz­da ra­ýat aňy­ýe­ti­ni tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga ýar­dam  be­rer.

Adamlar hakynda taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary, şeýle hem şu döwürde amala aşyrýan taryhy, beýik, konstitusion özgertmeleri üçin hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza we milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman we mähriban Arkadagymyza köp sagbolsunlaryny aýdýarys.     

Hormatly Prezidentimiziň we döwrümiziň Beýik şahsyýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman hem-de mähriban Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak, döwlet bähbitli amala aşyrýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

 

Baýram GURTMYRADOW, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Maglumat, seljeriş we halkara gatnaşyklary bölüminiň hukuk maslahatçysy.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.