Türkmenistanyň Kärdeşler
          Arkalaşyklary

“ÝAŞYL BEGRES DÜŞÄP JÜMLE-JAHANA, BU GÜN GÜL DIÝARA NOWRUZYM GELDI” ATLY AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK, MEDENI ÇÄRESI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 15-nji martynda, çarşenbe güni Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Medeniýet sport syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen Türkmenistanyň Nebit-gaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň bilelikdäki gurnamaklarynda Milli bahar baýramy bolan - Halkara Nowruz baýramy mynasybetli “Ýaşyl begres düşäp jümle-jahana, bu gün gül Diýara Nowruzym geldi” atly dabaraly aýdym-sazly baýramçylyk, medeni çäresi geçirildi.

Ýokary derejede we guramaçylykly geçirilen bu aýdym-sazly baýramçylyk, medeni çäresini - Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň alyp baryjysy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Selbi Amangulyýewa alyp bardy.

Aýdym-sazly baýramçylyk, medeni çäresine Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň artisti, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Atamyrat Ataýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy, aýdymçy Gözel Öwezowa, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Çemen Annaberdiýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň tabynlygyndaky Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Gülşat Gurbanowa, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň geologiýa maglumatlar merkeziniň guýy maglumatlary toparynyň başlygy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Arslan Annamyradow, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň adymçysy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Begmyrat Annamyradow, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň başlygy Nurmuhammet Ataýew, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni Aýgözel Pirnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy, aýdymçy Aýna Seýitgulyýewa, Türkmenistanyň Medeniýet sport syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmenleri Söýli Tuwakgylyjowa we Saryýewa Maýa, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň aýdymçysy, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzasy Ilşat Annamämmedow dagylar işjeň gatnaşyp, medeni çäräniň çäklerinde täsirli we gyzykly çykyşlar etdiler. Aýdym-sazly şowhunly baýramçylyk, medeni çäresiniň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilişi barada “Edebiýat we sungat” gazeti tarapyndan çap edilmegi göz öňünde tutulýar. Şowhunly baýramçylyk, medeni çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, işjeň medeni çärä gatnaşanlaryndan Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Watan” radioýaýlymy hem-de “Mir 24” teleýaýlymy tarapyndan interwýular hem alyndy. Şowhunly baýramçylyk, medeni çäräniňň ahyrynda çärä gatnaşan adamlar her bir raýat hakynda taýsyz tagallalary we ýadawsyz aladalary, şeýle hem şu döwürde amala aşyrýan taryhy, beýik, özgertmeleri üçin hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Serdarymyza we milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman we mähriban Arkadagymyza öz hoşallyklaryny beýan etdiler.               

Belent Mertebeli Prezidentimiziň we döwrümiziň Beýik şahsyýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman hem-de mähriban Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak, döwlet bähbitli amala aşyrýan işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

 

Söýli Tuwakgylyjowa

Türkmenistanyň Medeniýet sport syýahatçylyk we

jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň

kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň                       

esasy hünärmeni.

Gözle

© www.tkamm.gov.tm

You are reporting a typo in the following text:
Simply click the "Send typo report" button to complete the report. You can also include a comment.